Mekdep kitaphanaçylarynyň usulyýet-amaly okuw maslahaty geçirildi

Mekdep kitaphanaçylarynyň usulyýet-amaly okuw maslahaty geçirildi

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda Garaşsyzlyk eýýamynda bilimiň we ylmyň binýady diýen at bilen mekdep kitaphanaçylarynyň gatnaşmagynda usulyýet-amaly okuw maslahaty geçirildi.Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäre kitaphana ulgamynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ony ösdürmäge çemeleşmeleri kämilleşdirmek hem-de ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen guraldy.

Okuw maslahatynyň dowamynda kitaphanaçylar öňdebaryjy iş tejribelerini paýlaşdylar, kitaphanalary sanlylaşdyrmak, gaznalary döretmek, bibliografik synlary taýýarlamak meselelerini maslahatlaşdylar.Okuwçylaryň kitap okamaga bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak wezipesine hem-de ýaşlaryň wagtlaryny gyzykly, peýdaly we netijeli geçirmekleri üçin döwrebap medeni aň-bilim merkezleri bolmaga gönükdirilen mekdep kitaphanalarynyň ornuna aýratyn üns berildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar sanly hyzmatlary ösdürmek, kitaphanalaryň işini guramaga bolan çemeleşmeleri täzelemek, kitap okyjylaryň sanyny artdyrmak, tematiki çäreleri geçirmek, hünär tejribelerini alyşmak boýunça tejribeli hünärmenlerden amaly teklipleri aldylar.Okuw maslahatynyň çäklerine Ösüşiň 35 ýyly atly sergi-bäsleşik guralyp, onda mekdep kitaphanaçylary öz ugurlarynda gazanan üstünlikleri bilen giňden tanyşdyrdylar.

Sergi-bäsleşigiň netijeleri boýunça baş baýraga 20-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy Aýnabat Alaşowa mynasyp boldy. 17-nji, 27-nji we 21-nji orta mekdepleriň wekilleri bolsa ýörite baýraklara mynasyp boldular. Çäre kitaphanaçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň işine baha bermek, öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, kitaphanalaryň netijeli işini guramagyň döwrebap usullaryny öwrenmek hem-de olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin netijeli meýdança boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň at gazanan halyçysy diýen hormatly ady dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
Hajyýew merhum žurnalisti 'arakhorlykda', zorlugyň pidasy bolan zenany 'janyndan geçmekde' aýyplady
Türkmenistanda azat metbugatyň duçar galan täleýi
Türkmenistan çagalara zorluk görkezmekde öňe saýlandy - UNICEF