Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak, kämilleşdirmek hem-de geljek nesillerimize ýetirmek boýunça döwletimizde alnyp barylýan yzygiderli işler adamzadyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen gadymy halyçylyk sungatymyzy ösdürmekde hem uly ähmiýete eýedir.
Halyçylyk sungaty türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan deňsiz-taýsyz goşandydyr.Bütin dünýäde meşhur bolan nepis halylary dokaýan çeper elli gelin-gyzlarymyzyň, ussat halyşynaslarymyzyň bu ugurda alyp barýan işleri juda uludyr, olar döwlet derejesinde sylag-hormata mynasypdyr.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjy bolan türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini äleme ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin: ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň at gazanan halyçysy diýen hormatly ady dakmaly: Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Gültäç Geldimuhammedowna Hojamuhammedowa, Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Arazbibi Garlyýewa, Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Aýgül Rejepowna Kakyşewa, Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Maýsa Gurbansähedowna Nurberdiýewa, Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Daşoguz haly önümhanasynyň halyçysy Kurbanaý Genjaýewa, Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Arazgül Bazarbaýewna Agaýewa, Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Boldumsaz önümhanasynyň gözegçi ussasy Gülistan Toýlybaýewna Gurbanbaýewa, Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Sülgün Agageldiýewna Penjiýewa, Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Bahar Haýytdurdyýewna Jumaýewa, Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň sowgatlyk önümhanasynyň halyçysy Jennet Jumadurdyýewna Jumageldiýewa, Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 3-nji önümhanasynyň halyçysy Altyn Musagulyýewna Algulyýewa, Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 3-nji önümhanasynyň halyçysy Aýnabat Baýgeldiýewna Abraýewa, Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň Güneşlik önümhanasynyň halyçysy Tawus Haýydowa, Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Mary haly önümhanasynyň gözegçi ussasy Orazgözel Muhammetdurdyýewna Pälwanowa, Türkmenpagta döwlet konserniniň Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginiň halkyň sarp edýän harytlary bölüminiň halyçysy Rabiýa Şerniýazowna Babaniýazowa.
Türkmenistanyň PrezidentiSerdar BERDIMUHAMEDOW.Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 30-njy maýy.
