Mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda eko çäre geçirildi

Mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda eko çäre geçirildi

Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiniň bilelikde guramagynda ekologiki çäre geçirildi. Ýurduň geljegi bolan ýaş nesliň ekologik bilimini, edep-terbiýesini, ekologik medeniýetini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen çärä mekdebiň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.

Dabaraly çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiň Ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak hem-de Mikrobiologiýa taýýarlygy ugurlarynyň talyplarynyň gatnaşmagynda dürli oýunlar, goşgular, aýdymlar arkaly okuwçylara ösümlik we haýwanat dünýäsi, olaryň ýaşaýyş aýratynlyklary, tebigaty gorap saklamagyň ähmiýeti barada giňişleýin maglumatlar berildi. Şeýle-de, okuwçylara dürli otag ösümliklerine we öý haýwanlaryna ideg etmek, plastik galyndylaryny hojalyk maksatlary üçin gaýtadan peýdalanmak boýunça amaly endikler öwredildi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary döwlet we halkara derejesinde ekologiýa meseleleri boýunça geçirilýän dürli çärelere, bäsleşiklere işjeň gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Antarktidada täze ýagan garda ilkinji gezek mikroplastik ýüze çykaryldy
Mikroçip önümçiligini artdyrar
Twitteri Iň Köp Ulanýan Ýurtlar Belli Boldy
Mikrotolkunly peçde iýmit gyzdyrmak howplumy?
Fransiýada sürüjisiz awtobus peýda boldy
'Satylan' çagalar meýdançalary, gün düşmeýän otaglar baradaky şikaýatlar diňlenmeýär