Mikroçip önümçiligini artdyrar

Ispaniýanyň hökümeti soňky bir-iki ýyldan bäri dünýäde ýüze çykan çip ýetmezçiliginiň öňüni almak we bu pudakdan has köp girdeji gazanmak maksady bilen maýa goýum özleşdirer. Ýurduň ykdysadyýet ministri Nadiýa Kalwinýo Ispaniýanyň dünýäniň iň uly çip öndürýän ýurtlarynyň birine öwrülmegi üçin 12,3 milliard ýewro bölünip beriljekdigini mälim etdi.

Kalwinýo dizaýndan önümçilige çenli prosesde döwrebap senagatyň esaslaryny öz içine alýan bäş ýyllyk maksatnamanyň pandemiýadan soňra ykdysadyýeti ösdürmek üçin işlenip taýýarlanan iň uly taslamadygyny aýtdy.Ministr bu taslamanyň beýleki pudaklara-da oňyn täsirini ýetirjekdigini belledi.

Häzirki wagtda ýarymgeçiriji önümçiliginde Taýwan, ABŞ, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy we Hytaý ýaly ýurtlar öňdeligi eýeleýär.

Häzirki wagtda global çip önümçiliginiň 9 göterimi Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda öndürilýär. Bileleşik 2030-njy ýyla çenli bu görkezijini 20 göterime ýetirmegi maksat edinýär.

Ogulgerek Durdymyradowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Elektrik önümçiliginde gaýtadan dikeldilýän çeşmeler rekord goýdy
Mikroçiplere garaşlylygy azaltmak isleýär
SÜNNÄLI YNSAN — DÜNÝÄLI YNSAN
Nagyş görki alaja atly söhbetdeşlik
OGULABAT EJÄNIŇ DÖREDEN TÄSIN AMALY-HAŞAM SUNGATYNYŇ NUSGALARY DÖWLET MUZEÝINE SOWGAT BERILDI
Ogulgerek Berdimuhamedowa gaýynenesiniň nesillere miras goýan gymmatlyklaryny Döwlet muzeýine gowşurdy
Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyklary bilen Türkmen halysynyň milli muzeýine bardy