Mekdep okuwçysy Nike kompaniýasy bilen geleşik baglaşdy

Mekdep okuwçysy Nike kompaniýasy bilen geleşik baglaşdy

Angliýaly 13 ýaşly mekdep okuwçysy sport köwüşlerini öndürýän Nike kompaniýasy bilen geleşik baglaşdy diýip, Gazeta.ru ýazýar. Kompaniýanyň wekillerine onuň sapak wagty çekýän suratlary ýarady.

Geleşigiň şertleri boýunça Jo Ueýl sport aýakgaplarynyň käbir görnüşleri üçin bezeg suratlaryny çeker. Ol öň çeken suratlaryny sosial ulgamda ýerleşdirendigi üçin mugallymlaryň käýinjini alypdyr.

Jonuň kakasy Gregori Ueýl öz oglunyň bu üstünligine guwanýandygyny, onuň zehinine şeýle meşhur kompaniýa tarapyndan hormat goýulýandygyna begenýändigini gürrüň berdi.

Jo özüniň söýgüli gahrymanlarynyň başga planetalylardygyny we nahar görnüşleridigini aýdýar. Ol şeýle-de tebigatda görýän zatlarynyň suratyny çekmegi halaýandygyny sözüniň üstüni goşdy.

Ýene degişli makalalar

78 ýyl ozal şu gün ilkinji duşuşyk geçirilipdi
Arassa girdejisi peselenden soň, Nike-yň paýnamalary 14% diýen ýaly arzanlady
Nike kompaniýasynyň girdejileri 22 göterim azaldy
Nike robota krossowkany arassalamagy öwretdi
Brandcoll müşderilere ähli gerek harydy bir ýerde hödürleýär
Türkmenistan Germaniýa howa gatnawlarynyň tertibi, ahally bagban ekzotiki miwe ösdürip ýetişdirýär, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy halkara pasportlaryny resmileşdirmegi bes etdi