Mekdep ýygnaklarynda ene-atalar abuna ýazylşyga nägilelik bildirip, pul bermekden ýüz öwürdiler

Mekdep ýygnaklarynda ene-atalar abuna ýazylşyga nägilelik bildirip, pul bermekden ýüz öwürdiler

Türkmenistanda gazet-žurnallara býujet işgärlerini we mekdep okuwçylaryny mejbury abuna ýazmak möwsümi dowam edýär. Ene-atalaryň ençemesi mejbury çärä pul goşundylaryny bermekden ýüz öwrensoň, orta bilim berýän mekdepleriň birnäçesinde ýörite ýygnaklar geçirildi. Bu ýygnaklaryň jikme-jiklikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri 27-nji noýabrda maglumat berdiler.

“Mundan iki hepde çemesi ozal mekdep mugallymlary okuwçylardan Güneş’ žurnalyna abuna ýazylşyk üçin 20 manat ýygnap başladylar. Ýöne ene-atalaryň köpüsi muňa nägilelik bildirip, abuna ýazylşyga pul bermejekdikleri barada mugallymlara aýtdy” diýip, ýagdaýlardan habarly bilim işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Mugallymlaryň birnäçesiniň aýtmagyna görä, ene-atalaryň köpçülikleýin garşylygy mekdep ýolbaşçylaryny ýörite ene-atalar ýygnagyny geçirmäge iterdi. Soňky günlerde geçirilen bu ýygnaklarda ene-atalaryň köpüsi bu mejbury çärä ýene nägilelik bildirdi.

“Bilim ýolbaşçylary abuna ýazylşyk, pul goşundylaryny geçirmek barada gürrüň gozgandan soň, bir ene abuna ýazylşygyna birnäçe ýyl bäri pul töleýändiklerini, ýöne şu wagta çenli çagasyna žurnalyň berlendigini görmändigini aýtdy. Ol her ýyl boş ýere pul berip ýadandyklaryny aýdyp, mundan beýläk abuna ýazylşygyna hiç hili pul bermejekdigini hem aýtdy” diýip, ýygnaklaryň birine gatnaşan ene anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlykda bu ýygnaklaryň ýurduň anyk haýsy sebitlerinde we haýsy mekdeplerinde geçirilendigi barada takyk maglumatlar bolsa-da, redaksiýa çeşmelerimiziň howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

“Ýygnaga gatnaşan köp çagaly eneleriň ýene biri bir hojalykda 3-4 sany okuwçysy bolan maşgalalaryň köpdügini, olaryň her birine 20 manat bermäge maddy ýagdaýlarynyň ýokdugyny aýtdy” diýip, ýygnaklaryň birine gatnaşan ýene bir ene anonimlik şertinde aýtdy.

Ýygnaklaryň käbirinde ene-atalaryň ençemesi mekdep ýolbaşçylaryny “abuna pul çöplemegiň deregine okuwçylary kadaly okuw kitaplary bilen üpjün etmäge” çagyrdy.

“Okuwçylaryň köpüsiniň kitaplary ýok ýa-da olaryň sahypalarynyň köpüsi ýyrtyk. Mekdeplerde berilýän öý işlerini işlejek bolsalar ýa kitap ýok, ýa-da bar kitabyň gerek sahypasy ýok. Pul çöplejek bolsaňyz derrew ýygnak edýärsiňiz diýip, ýygnaga gatnaşan eneleriň ýene biri aýtdy” diýip, ýygnaga gatnaşan bilim işgäri ene-atalaryň köpüsiniň nägilelik bildirendigini hem belledi.

Onuň sözlerine görä, bilim işgärleri “bize hem ýokardan buýruk gelýär, abuna ýazylşyga pul töläýmeli” diýip, ene-atalara köşeşdirmäge synanyşdylar.

“Ýygnakdan soň sesini çykarman, pul beren ene-atalar hem boldy. Ýöne ene-atalaryň aglabasy, muňa bagyşlanyp geçirilen ýörite ýygnaklara garamazdan, pul bermekden ýüz öwürdi” diýip, bilim işgäri sözüne goşdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň bilim bölüminden we ýygnaklary geçiren mekdeplerden teswir alyp bilmedi.

Bu aralykda, habarçymyz sebitiň çagalar baglarynyň mekdebe taýýarlyk toparlarynyň çagalaryndan hem, “Güneş” žurnaly üçin pul toplanýandygyny habar berýär.

“Çagalar bagyna gatnaýan çagalar heniz okap bilmeseler-de, ene-atalar žurnal üçin pul bermeli bolýarlar” diýip, sebitiň çagalar bagynyň biriniň terbiýeçisi anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri indi onlarça ýyl bäri edara-kärhanalaryň işgärlerini, ýokary we orta hünär mekdepleriň talyplaryny we okuwçylaryny, şeýle-de, mekdep okuwçylaryny hökümetiň garamagyndaky gazet-žurnallara abuna ýazylmaga mejbur edýärler. Raýatlar olaryň mazmunynyň “garypdygyny”, olary okamaýandyklaryny aýdyp gelýärler.

Şu aýyň başynda Balkan welaýatyndaky habarçymyz bu mejbury çäräniň Balkanabat şäherinde batlanandygyny habar berdi.

Şonda ol şu ýyl şäheriň orta mekdepleriniň resmileriniň bu çärä has-da berk çemeleşýändigini aýdyp, bilim edaralarynyň girelgelerinde duran mekdep müdirleriniň orunbasarlarynyň abuna ýazylandygy baradaky kwitansiýany görkezmedik okuwçylary mekdebe goýbermeýändigini habar berdi.

Türkmenistanda hökümet gazet-žurnallaryň ählisini berk gözegçilik astynda saklaýar. “Serhetsiz reportýorlar” (RSF) guramasynyň dünýä ýurtlarynda metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça taýýarlan soňky ýyllyk hasabatynda Türkmenistan iň yzdaky orunda ýerleşdirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanabatda mejbury abuna ýazylmadyk okuwçylar mekdebe goýberilmeýär
Türkmenistandaky garaşsyz žurnalistika: yzarlamalar, türme, gynamalar we ölüm
Türkmenistanda azat metbugatyň duçar galan täleýi
Türkmenistanyň metbugat azatlygyna pes baha berildi
Türkmenistanyň metbugat azatlygyna pes baha berildi
27-nji aprel Russiýanyň mejlisiniň döredilen güni