“Meniň ädimimi” saýladylar

9-njy dekabrda Ermenistanda geçirilen nobatdan daşary Parlament saýlawlarynda ýurduň Premýer-ministri wezipesini ýerine ýetirýän Nikola Paşinýanyň “Meniň ädimim” atly bileleşigi öňdeligi eýeledi.Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw geňeşi habar berdi.

Wekiller kürsüsi üçin bäsleşige jemi 9 partiýa we iki bileleşik gatnaşdy. “Meniň ädimim” bileleşigi sesleriň 70,46%-ini, “Gülleýän Ermenistan” partiýasy 8,37%-ini, ”Aň-bilimli Ermenistan” partiýasy 6,53%-ini eýeläp, parlamentden orun aldylar.Ermenistanyň ozalky Prezidenti Serž Sargsýanyň ýolbaşçylyk edýän Respublikan partiýasy 4,54% sese eýe bolup, parlamentden orun alyp bilmedi. “Daşnaksutýun” fraksiýasy bolsa, sesleriň 4%-den gowragyna eýe boldy.

Düzgüne görä, partiýalaryň parlamentden geçmegi üçin azyndan 5% sese, bileleşikleriň bolsa, 7% sese eýe bolmagy zerurdyr.Saýlawlara gatnaşyk garaşylyşyndan az bolup, oňa saýlawçylaryň 48,63%-i gatnaşdy.Beýleki partiýalar bolsa, sesleriň 2%-ine golaýyna eýe boldular.Saýlawlaryň gidişine 17 müň synçy, şol sanda, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçylary hem gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň liderleri Russiýada sebitleýin sammite gatnaşýarlar
Türkmenistanyň Prezidenti GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
Ermenistanyň hökümet baştutanynyň Putine 'gaýtargy' bermegi türkmenistanlylar arasynda disskussiýa döretdi
Aliýew ÝB-ni Azerbaýjan-Ermenistan parahatçylyk etabyny bökdemekde günäkärledi
Wise-prezident Ýylmaz Ermenistanyň Premýer-ministri Paşinýan bilen duşuşdy
Paşinýan "Azerbaýjana bilelikdäki iş meýilnamasynyň taýarlanmagyny teklip edýärin” diýdi
Türki döwletleriň gün tertibindäki wakalar