Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda bäş resminama gol çekiler

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda bäş resminama gol çekiler

14-15-nji sentýabrda Duşanbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň jemi boýunça resminama toplumlarynyň bäşisine gol çekilmegine garaşylýar.

Muny Täjigistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sodik Imomi çarşenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda mälim etdi diýip, nCa internet portaly habar berdi.

Duşuşykda gol çekiljek resminamalaryň arasynda şular bar:

Ondan öň — 13-nji sentýabrda sebitiň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler diýip, çeşme Täjigistanyň Howar Milli habar gullugyna salgylanyp habar berýär.

Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň haryt öndürijileriniň sergisi, Dostluk agşamy dabaraly gala konserti, Ykdysady forum, ÝOM-laryň rektorlarynyň ikinji forumy, ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygy, Zenan ýolbaşçylaryň dialogynyň agzalarynyň sebitleýin duşuşygy, suratkeşleriň sergisi, milli tagamlar festiwaly, ýaşlar forumy, halkara ylmy konferensiýa, birnäçe medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýa ýurtlary daşky gurşaw we durnukly ösüş meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirer
Türkmenistanyň bilim ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ÝOM-larynyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar
Azerbaýjanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşýar
Serdar Berdimuhamedow 14 — 15-nji sentýabr günleri Täjigistanda saparda bolar
Duşenbede Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy maslahatlaşyldy, Gazagystan Aşgabatda geçiriljek saglygy goraýyş, bilim we sport forumyna gatnaşar we beýleki habarlar
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň Täjigistanda geçiriljek duşuşygy boýunça maslahat geçirildi