Merkezi Aziýada HIV ýokuşan adamlaryň sany 29% artdy. Türkmenistan statistikany mälim etmeýär

Merkezi Aziýada HIV ýokuşan adamlaryň sany 29% artdy. Türkmenistan statistikany mälim etmeýär

1-nji dekabrda BMG-niň Bütindünýä saglyk guramasynyň, UNICEF we UNAIDS guramalarynyň AIDS keseline, ýagny SPID-e garşy halkara güni bellenildi.Bu sene mynasybetli UNAIDS guramasynyň 1-nji dekabrda çap eden hasabatynda 2019-njy ýylyň ortasyna çenli dünýäde 37,9 million çemesi adamda HIV, ýagny WIÇ infeksiýasynyň hasaba alnandygy aýdylýar. Şeýle-de, 2018-nji ýylda kesel ýene 1,7 million adama ýokuşypdyr.

Hasabatda käbir regionlarda, şol sanda Merkezi Aziýada WIÇ infeksiýasy ýokuşýanlaryň sanynyň köpelýändigi we munuň aladalanmalary artdyrýandygy bellenilýär.Merkezi Aziýada we gündogar Ýewropada WIÇ infeksiýasy ýokuşan adamlaryň sany 2010-nji we 2018-nji ýyllaryň aralygynda 29% artdy diýlip, hasabatda nygtalýar. Şol bir wagtda, Türkmenistan UNAIDS guramasynyň hasabatynda WIÇ/SPID bilen bagly ýagdaý barada düýpden maglumat berilmedik az sanly ýurtlaryň biri bolup galýar.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary WIÇ/SPID bilen bagly aç-açan, giň gerimli maglumat we düşündiriş bermek işleriniň ýurduň içinde-de kadaly geçirilmeýändigini aýdýarlar. “Aşgabatda we Lebapda bu kesel ýokuşan adamlary has köp görse we eşitse bolýar. Şol bir wagtda-da, ýurtda tejribeli lukmanlar ýetmezçilik edýär.

Lebap welaýat hassahanasynyň ýokanç keseller bölüminde hasaba duran näsagalaryň ýagdaýy erbet.Olaryň köpüsi wagtyndan öň dünýäsini täzeleýärler” diýip, lukmanlaryň we bu infeksiýa ýokuşan adamlaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan lebaply habarçy 2-nji dekabrda gürrüň berdi. Şol bir wagtda, habarçy WIÇ/SPID ýokuşan raýatlaryň etrap hassahanalarynda hasaba alynýandygyny we olara her aýda käbir medisina serişdeleriniň ýardam hökmünde berilýändigini hem belledi. Ýöne ol bu infeksiýa ýokuşan näsagalaryň bejergisinde möhüm bolan derman serişdelerini satyn almagyň raýatlaryň öz üstüne ýüklenýändigini aýdýar. “Bu infeksiýa ýokuşan adamlara aýda 4 sany şpris, 2 sany ýod we 10 sany prezerwatiw mugt berilýär.

Lukmanlar immunly sistemany güýçlendirýän 1 guty dermanyň 300 manada de[digini aýdýarlar. Şol dermany hem-de immunly sistemany güýçlendirýän beýleki dermanlary içmegi tabşyryp, öýe iberýärler.Häzir adamlaryň köpüsiniň bu dermanlary satyn almaga maddy mümkinçiligi ýok” diýip, habarçy bu infeksiýa ýokuşan türkmenistanlylaryň biriniň sözlerini sitirledi. Şol bir wagtda, ol Türkmenistanda bu infeksiýa ýokuşan adamlaryň şahsyýeti barada köpçülige maglumat berilmeli däldigini, ýöne bu düzgüniň köplenç lukmanlar tarapyndan bozulýandygyny hem belledi. “Lukmanlar bu wirus ýokuşan adamlaryň goňşy-golamlaryna bu barada äşgär edýärler.

Raýatlarda oňaýsyz ýagdaýy döredýärler.Käte näsaglar adamçylyga sygmaýan ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar” diýip, habarçy aýtdy.Türkmen häkimiýetleri WIÇ/SPID ýokuşan raýatlaryň sany baradaky statistiki maglumatlary ilat köpçüligine mälim etmeýärler.

Bu barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň saglykhm.gov.tm websaýtynda hem hiç hili maglumat berilmeýär.Türkmen hökümetiniň wekilleri 2018-nji ýylyň 10-njy iýulynda, BMG-niň Ženewadaky edarasynda aýallaryň hak-hukuklary barada beren hasabatynda WIÇ/SPID boýunça statistiki sanlary görkezmekden saklanypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär.

Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz.Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

19.07.2019 | Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň pudaklaýyn geňeşiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň pudaklaýyn geňeşiniň mejlisi geçirildi
Merkezi Aziýada HIV ýokuşan adamlaryň sany 29% artdy. Türkmenistan statistikany mälim etmeýär
Täze ýylyň öňýany ýurduna dolanýan türkmen migrantlary aeroportda güýçli barlanýar
Ten söwdasynda tutulan türkmenistanly zenanlar SPID we sifilis keselli çykdy
Türkmen hökümedi döwlet serhetlerini ýapdy, koronawirusy ilkinji gezek resmi derejede agzap, ýurtda kesellänleriň ýokdugyny aýtdy