Täze ýylyň öňýany ýurduna dolanýan türkmen migrantlary aeroportda güýçli barlanýar

Täze ýylyň öňýany ýurduna dolanýan türkmen migrantlary aeroportda güýçli barlanýar

Türkmenistanyň aeroportlary gyzgalaňly döwri başdan geçirýär. Daşary ýurtlardan barýan uçarlarda öz ýurduna uzak wagt aralygyndan soň dolanýan türkmen raýatlary hem az däl. Türkmen raýatlary berk gözegçilige we hatda garaşylmadyk barlaglara sezewar edilýärler.

Soňky günler Türkmenistanyň halkara aeroportarynda gonýan uçarlar bilen gelýän ýolgaçylaryň ençemesi daşary ýurtlarda bolan türkmen migratlary. Täze ýylyň öňýany gelýänleriň arasynda Türkýä, Orsýete iş gözleginde giden migrantlaryň has köp duş gelýändigini habarçylar aýdýarlar.

"Şu günler Aşgabadyň halkara aeroportunda Türkiýeden gelýän migranlar köp. Olaryň arasynda biometriki pasportynyň möhleti dolan ýa-da indi dolýan raýatlar, ýagny dokumenini çalyşmak üçin gelenler bar, deportasiýa edilenler hem bar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýtdy.

Anonim gürlän çeşmäniň sözlerine görä, daşary ýurtlardan gelýän türkmen raýatlarynyň arasynda deportasiýa belligi goýlan adamlar az däl. Bolan ýurdunyň migrasiýa talabyny berjaý etmedik türkmen raýatlarynyň käbirine bir ýyllyk möhlet bilen deportasiýa belligi goýlan bolsa, beýlekilere şol ýurda barmak 5 ýyllyk gadagan edilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň bu ýagdaýy öwrenip, anyklan maglumatlaryna görä, aeroportyň migrasiýa gözegçilik nokadynda daşary ýurtlarda kanun esasda bolan we dokumentleri düzüw ýolagçylar, ýagny deport edilmedik türkmen raýatlary köp saklanmaýar. Emma deportasiýa belgisini alan türkmen raýatlaryny 3-4 sagatlap eglenmeli bolýar.

"Daşary ýurtlarda, şol sanda Türkiýede gaçak işläp, gazanç edip ýören raýatlar Aşgabadyň aeroportuna baranda bir aýratyn otaga alnyp, ýekeme - ýeke sorag - jogaba çekilýar" - diýip, habarçymyz aýdýar.

Ýurduna dolanýan türkmen raýatlarynyň ählisi aeroportda gümrük barlagyndan geçirilýär. Her bir ýolagçynyň goşuny jikme-jik gözden geçirýän şeýle barlag uzaga çekýär.

"Gümrük kontroly gelýän migrantlaryň goşlaryny dörüm-dörim edýär. Ýanyň bilen getiren hemme goşlaryňy ýekeme-ýeke açyp görýärler. Gümrük işgärleri eşikleri bir birden barlaýar, diş ýuwýan pasta çenli ysgap görýär. Krem, ýüz boýagy - makiýaž ýaly serişdeleriň gapaklaryny açyp görýär" diýip, habarçy görenlerini gürrüň berýär.

Aeroport işgärleri ýolagçylaryň el goşlaryndaky dermanlara aýratyn üns berýärler. Habarçy şeýle diýýär: "Ýanyňda ýekeje bir derman çyksa, onda dessine rentgen barlagyna goýberýärler".

Ýolagçylaryň ählisinden edilýän ýene bir hökmany barlag COVID-19 testine degişli. Habarçynyň sözlerine görä, häzir onuň bahasy 120 manat. Koronawirus testini geçirmek üçin alynýan tölegiň mukdary üýtgäp durýar. Dekabryň başynda testiň 62 manada durandygyny, emma köpçüligiň 100 manat berip, geçmeli bolandygyny habarçylar gürrüň beripdi. Şeýle-de bu testiň diňe ýüzleý göz üçin edilýändigi aýdylypdy.

Türkmenistanyň aeroportlarynda koronawirus testi henize çenli güýjünde galýar. Pandemiýa döwründe we soňunda COVID-19 keseliniň ýekeje-de hadysasyny hasaba almandygyny aýdýan ýurt resmileri tutuş dünýäde pandemiýa gutaryp, ähli çäklendirmeler ýatyrylsa-da öz aeroportlarynda koronawirus synaglaryny dowam etdirdi.

Daşary ýurtlardan gaýdyp öz watanyna dolanýan türkmen raýatlarynyň aeroportdaky saglyk barlaglary munuň bilen gutarmaýar.

Käbirler ýokanç keselleri anyklaýjy gan barlagyndan geçirilýär, şol sanda WIÇ/SPID-e barlanýar. Bu barlagdan diňe käbirler geçmeli bolýar.

"Gelýän migrantlaryň ýüzüne seredilip, gan barlagy, SPID analizi alynýar. Diňe daşary ýurtlarda kanun esasda däl, gaçgak işläp gaýdan, Türkiýede deport goýulan migrantlardan SPID analizi, damardan gan alynýar" diýip, çeşme aýdýar.

Türkmen häkimiýetleri bu ýagdaýlary kommentirlemeýär. Döwletiň doly gözegçiligi astynda galýan media serişdelerinde beýle habarlar çap edilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýada HIV ýokuşan adamlaryň sany 29% artdy. Türkmenistan statistikany mälim etmeýär
Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň pudaklaýyn geňeşiniň mejlisi geçirildi
19.07.2019 | Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň pudaklaýyn geňeşiniň mejlisi geçirildi
Marvel täze filmlerini anons etdi
Zenan žurnalistler ýylyň iň gowy awtomobillerini saýladylar
“Call of Duty” bassyr 12-nji gezek ABŞ-da ýylyň iň köp satylan oýun franşizasy boldy