Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň pudaklaýyn geňeşiniň mejlisi geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň XXIX mejlisi geçirildi.Ol Türkmenistanyň şu ýylda GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde guraldy.Foruma Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň degişli edaralarynyň hem-de ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ylmy-kliniki merkezleriniň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Şeýle hem bu çärä GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, GDA agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit býurosynyň, Gyzyl haç we Gyzyl ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin UNAIDS-iň, GDA we Ýewraziýa ýurtlarynyň onkologiýa we rentgenologiýa merkezleriniň hem-de institutlarynyň direktorlar assosiasiýasy ylmy jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu gezekki duşuşyk durmuş ulgamynda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary, ilkinji nobatda bolsa, saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.Geňeşiň nobatdaky mejlisiniň ýurdumyzda her ýyl bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda geçirilmegi bellärliklidir.

GDA-nyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny, süýji keseliniň öňüni almagyň we bejermegiň 2016 — 2020-nji ýyllar üçin maksatnamasyny hem-de inçekeseliň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça 2020 — 2024-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmek boýunça Geňeşiň ýokary edaralarynyň çözgütleriniň amala aşyrylyşyny ara alyp maslahatlaşmak şu günki çäräniň esasy wezipeleri hökmünde kesgitlenildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine 2020 — 2021-nji ýyllarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň ilatynyň saglygy strategiýasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de psihiatriýa we narkologiýa ulgamynda esasy guramanyň işi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Ýygnananlar döwlet Baştutanymyzyň iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Gutlagda bu döwletara mejlisiň ýurdumyzyň saglygy goraýyş hem-de derman senagaty ulgamynyň gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri, esasy ösüş ugurlary bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmakda, halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny aýdyňlaşdyrmakda, alymlaryň, hünärmenleriň özara tejribe alyşmagynda uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirilýär. Şu duşuşykda başlyklyk ediji — Geňeşiň agzasy, Täjigistan Respublikasynyň saglygy goraýyş we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary, baş döwlet sanitar lukmany Kamolzoda Mirhamuddin mejlisi açyp, wekilleriň ählisiniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Hökümetine forumyň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyk bildirip, GDA-nyň ýurtlarynyň bu ulgamdaky netijeli gatnaşyklarynyň belent maksatlaryň bähbidine ynsanperwer tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendigini nygtady.

Myhman saglygyň bähbidine saglygy goraýşyň hem-de diplomatiýanyň esasy meseleleriň biri bolup durýandygyny belläp, howanyň üýtgemegi, pandemiýa we umumy abadançylykdan hem-de lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmagyň häzirki zaman nusgalary ýaly meseleleriň gün tertibine girizilmeginiň wajypdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamdaky diplomatiýanyň dünýäniň köp ýurtlarynyň daşary syýasy ugrunyň örän möhüm bölegi bolup durýandygy nygtaldy.

Ilatyň saglygyny goramagyň hem-de pugtalandyrmagyň, keselleriň öňüni almagyň, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmegiň GDA ýurtlarynda we tutuş dünýäde häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu ulgamda alnyp barylýan syýasatyň esasy maksady bolup durýar.

Häzirki döwürde her bir döwletde halkara derejesinde raýatlaryň saglygy we abadançylygy ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.Bu meseläni netijeli çözmezden ykdysadyýetiň we jemgyýetçilik durmuşynyň hiç bir ulgamynda üstünlik gazanyp bolmaz.

Munuň özi durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde hem uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň saglygy goraýyş babatdaky 1992-nji ýylda döredilen hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň işine möhüm orun degişlidir.

Onuň düzümine Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de döwlet sanitariýa lukmanlary girýärler. Şu düzümde degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak üçin iş guramalarynyň bäşisi — derman serişdelerini, lukmançylyk maksatly serişdeleri we saglygy goraýyş tehnikasyny standartlaşdyrmak, bellige almak we gözegçilik etmek baradaky döwletara topary; SPID, inçekesel we gyzzyrma meseleleri boýunça utgaşdyryjy geňeşi, GDA gatnaşyjy döwletleriň çäklerini aýratyn howply ýokanç keselleriň getirilmeginden we ýaýramagyndan goramak meseleleri baradaky utgaşdyryjy topar; lukmançylyk babatda öňüni alyş çäreleri we saglygy ösdürmek meseleleri baradaky utgaşdyryjy topar hemişelik esasda hereket edýär.

Geňeş Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) BMG-niň WIÇ/SPID (UNAIDS) birleşen maksatnamasy, Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasy, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen hyzmatdaşlyk edýär. Ýygnananlar ýakyn hem-de uzak geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, nobatdaky duşuşygyň bu möhüm ugurda tagallalary utgaşdyrmagyň hem-de täze bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň başyny başlamagyň wajypdygyny bellediler.

Nygtalyşy ýaly, lukmançylyk ugry boýunça döwletara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi üçin bu babatdaky häzirki gazanylanlary göz öňünde tutmak zerurdyr. Şunuň bilen birlikde, tejribe alyşmak hem-de gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri, ilkinji nobatda bolsa, adamlaryň saglygyny goramak üçin amatly mümkinçilikleri döretmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak babatda Geňeşiň mejlisiniň ähmiýeti nygtaldy. Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň bu ulgamda gazanan üstünlikleri we ýeten sepgitleri bilen tanyşdyryldy.

Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet strategiýasynyň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamalarynyň biridir.Her bir adamyň saglyga bolan hukugyny üpjün etmek, öz wagtynda lukmançylyk kömegini bermek hem-de keselleriň öňüni almak, ilatyň ähli gatlaklary üçin ýokary hilli lukmançylyk kömeginiň deň derejede elýeterliligini üpjün etmek milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek baradaky konsepsiýanyň esasy wezipeleri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan, häzirki döwürde üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn uzak möhletli, Saglyk Döwlet maksatnamasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny innowasion esasda ösdürmäge täze çemeleşme göz öňünde tutulýar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän lukmançylyk ulgamyny döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Anyk sanlar we maglumatlar aýdyň mysal hökmünde getirildi.Hususan-da, gysga wagtyň içinde Aşgabat şäherinde hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap bejeriş-keseli anyklaýyş merkezleriniň, Saglyk öýleriniň, Ene mähri merkezleriniň, şypahanalaryň, çagalar sagaldyş we dynç alyş toplumlarynyň ulanmaga berlendigi bellenildi. Çagalaryň hem-de eneleriň saglygyny goramak, ýygy-ýygydan döreýän keselleriň, ýokanç we ýokanç däl keselleriň sanyny ep-esli azaltmak, milli aýratynlyklara laýyklykda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça netijeli çäreler görülýär.

Adamyň beden we ruhy saglygyna erbet täsir edýän neşekeşlik, çilimkeşlik hem-de arakhorluk ýaly ählumumy wehimlere garşy göreşmäge uly üns berilýär.Derman senagaty pudagy hem kämilleşdirilýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly düýpli ylmy kitaplarynda beýan edilýän, şeýlelik bilen, dünýä jemgyýetçiligine belli bolan türkmen topragynda ösýän melhemlik häsiýete eýe bolan ösümlikleriň dürli görnüşleriniň esasynda ýokary hilli dermanlyk serişdeleriň we beýleki lukmançylyk önümleriniň öndürilmegi ýola goýuldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler lukmançylyk kömegini bermegiň has ýokary derejesini, innowasiýa tehnologiýalary esasynda, şol sanda ýokanç däl kesellere garşy göreşmek ulgamynda lukmançylyk hyzmatlaryny giňeltmegi üpjün etdi.

Kabul edilen hem-de häzirki wagtda durmuşa geçirilýän 2017 — 2021-nji ýyllarda Temmäkä garşy göreş boýunça milli meýilnama, 2018 — 2024-nji ýyllarda alkogolly içgileriň ulanylyşyny azaltmak boýunça milli maksatnama, 2011 — 2020-nji ýyllarda sporty we bedenterbiýäni goldamagyň hem-de ösdürmegiň milli maksatnamasy, 2018 — 2025-nji ýyllarda beden işjeňligini ýokarlandyrmak ulgamynda Milli strategiýa, ilatyň ruhy saglygyny goramak boýunça Milli maksatnama we beýlekiler gönüden-göni keselleriň töwekgelçilikleriniň ýaýramagyny çäklendirmäge gönükdirilendir.

Gazanylan esasy üstünlikleriň hatarynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň giňden ulanylýandygy bellenildi.Elektron resminamalar dolanyşygy ulgamynyň döredilmegi iş ýörediş we dolandyryş usullaryny, şeýle hem telelukmançylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin goşmaça mümkinçilikleri açdy. Ähli pudaklaryň, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynyň işgärler binýadynyň pugtalandyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet strategiýasynyň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgam üçin ýokary derejeli işgärleriň taýýarlanylmagyna hem-de lukmançylyk ulgamynda ylmy barlaglary alyp barýan alymlaryň täze nesliniň kemala getirilmegine aýratyn üns berilýär. Şunda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine möhüm orun degişlidir, bu ýerde ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar hem-de netijeli ylmy işler alnyp barylýar. Çykyş edenler bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri barada aýdyp, iri halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň ugurdaş düzüm bölekleri, dünýäniň esasy lukmançylyk merkezleri, dürli ýurtlaryň, şol sanda GDA agza ýurtlaryň ylmy-barlag edaralary bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Bu ulgamda alnyp barylýan strategiýanyň esasy ugurlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenildi.Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegi, doly derejeli öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegi, işgärleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, azyk önümleriniň hiline we howpsuzlygyna, howply ýokanç keselleriň, şeýle hem sanjym geçirmek ýoly bilen öňüni alyp bolýan keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaga gözegçiligi güýçlendirmek bu ugurda esasy wezipeler hökmünde kesgitlenildi.

Bu çäreleriň ählisi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi üpjün edýän hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgerdýän döwlet hökmünde dünýä derejesinde abraýynyň hem-de ornunyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Ýurdumyza drakunkulez, poliomielit, gyzzyrma keselleriniň aradan aýrylandygy, unuň demir hem-de foliý kislotasy, nahar duzunyň ýod bilen baýlaşdyrylýandygyny tassyklaýan halkara güwänamalarynyň berilmegi milli saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten belent sepgitleriniň aýdyň subutnamalarydyr. Şeýle hem türkmen saglygy goraýyş ulgamynda toplanylan tejribeleri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň döwletlerinde ýaýratmaga maslahat berlendigini bellemek gerek.

Mejlise gatnaşyjylar süýji keseline garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyk, GDA agza ýurtlaryň saglygy goraýşynyň jemgyýetçilik saglygy we maglumatlar edaralarynyň ulgamynyň taslamasy, Arkalaşyga agza döwletleriň çäklerini goramak meseleleri baradaky Utgaşdyryjy geňeşiň, GDA hem-de Ýewraziýa ýurtlarynyň Onkologiýa we rentgenoradiologiýa merkezleriniň hem-de institutlarynyň direktorlarynyň assosiasiýasynyň alyp barýan işleri bilen baglanyşykly meseleleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Ýygnananlar ýaş nesilleri çilim çekmekden hem-de temmäkiniň zyýanly täsirinden goramagyň strategik gurallarynyň biri hökmünde temmäkini ulanmaga gözegçilik etmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän netijeli çäreler esasynda temmäkä garşy göreşde öňdebaryjy hökmünde ykrar edildi. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda döwletara stomatologiýa assosiasiýasynyň, derman serişdelerini, lukmançylyk maksatly önümleri hem-de lukmançylyk tehnikasyny standartlaşdyrmak, bellige almak we gözegçilik etmek baradaky döwletara toparyň, raýat awiasiýasynyň howa gämileriniň uçuşlaryny lukmançylyk hem-de arassaçylyk-epidemiologiýa taýdan üpjün etmek meseleleri boýunça iş toparynyň, süýji keseliniň meseleleri boýunça bilermenler geňeşiniň işiniň netijeleri jemlenildi.

Arkalaşykda elektron saglygy goraýşyň milli ulgamlarynyň goşulyşmagynyň geljegine, Adam agzalarynyň donorçylygy hakynda model kanunynyň taslamasyna aýratyn üns berildi. Ýygnananlar WIÇ-li ýaşaýan adamlaryň GDA-nyň giňişliginde saglygy goraýyş hyzmatlaryna deň elýeterliliginiň üpjün edilmegine, Geňeşiň 2020-nji ýyl üçin saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça esasy çäreleriniň meýilnamasyna garadylar. Şu ýylyň 20 — 28-nji maýynda Ženewa şäherinde geçirilen Saglygy goraýşyň 72-nji Bütindünýä Assambleýasynyň jemleri hem ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.

Mejlise gatnaşyjylar guramaçylyk häsiýetli meseleleri, şol sanda GDA agza döwletleriň mikroblara garşy göreşmek serişdeleri boýunça bilelikdäki hereketleriniň meýilnamasyny işläp taýýarlamak boýunça iş toparynyň şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek mejlisi hem-de Geňeşiň nobatdaky XXX mejlisi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ýygnananlaryň pikirine görä, Arkalaşygyň giňişliginde lukmançylyk ulgamynyň has möhüm meseleleri boýunça netijeli gepleşikleri geçirmäge Aşgabatda döredilen şu günki mümkinçilik nobatdaky gezek GDA agza döwletleriň saglygy goraýyş ulgamynda hem-de ilatyň arassaçylyk, epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatynda tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi, onda ýygnananlar şu duşuşygyň geçirilmegine ýardam berendigi üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, 2019-njy ýylda GDA başlyklyk edýän Türkmenistanyň Arkalaşygyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, ählumumy durnukly ösüşiň hem-de abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşýan uly goşandyny bellediler.

Ertir geňeşiň nobatdaky mejlisine gatnaşyjylar Saglyk — 2019 halkara serginiň we ylmy-amaly maslahatyň işine gatnaşarlar. Myhmanlara Aşgabatda bolmagynyň maksatnamasyna laýyklykda, türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjekleri, türkmen halkynyň medeniýeti, mirasy we däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik dörediler.

Ýene degişli makalalar

19.07.2019 | Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň pudaklaýyn geňeşiniň mejlisi geçirildi
Merkezi Aziýada HIV ýokuşan adamlaryň sany 29% artdy. Türkmenistan statistikany mälim etmeýär
Merkezi Aziýada HIV ýokuşan adamlaryň sany 29% artdy. Türkmenistan statistikany mälim etmeýär
Ten söwdasynda tutulan türkmenistanly zenanlar SPID we sifilis keselli çykdy
Täze ýylyň öňýany ýurduna dolanýan türkmen migrantlary aeroportda güýçli barlanýar
Türkmen wekiliýeti BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň mejlisine gatnaşdy