Merkezi Aziýanyň Futbol federasiýalary Dünýä çempionatyny geçirmegiň mümkinçiligini maslahatlaşdylar

Merkezi Aziýanyň Futbol federasiýalary Dünýä çempionatyny geçirmegiň mümkinçiligini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Futbol federasiýalarynyň ýolbaşçylary 18-nji iýulda Gyrgyz Respublikasynyň Issyk-Kul şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň türki ýurtlarynyň Futbol federasiýalarynyň duşuşygynda Dünýä çempionatyny geçirmek we halkara ýaryşlaryny bilelikde guramak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Futbol Bileleşiginiň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Duşuşyga Gyrgyz Respublikasynyň Futbol bileleşiginiň prezidenti Mederbek Sydykow, Gazagystanyň Futbol federasiýalarynyň başlygy Adlet Barmenkulow, Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarow we Özbegistanyň Futbol Assosiasiýasynyň birinji wise-prezidenti Rawşan Irmatow gatnaşdy.

Şeýle hem taraplar futbol oýunçylaryna we eminlere türgenleşik lagerleri üçin niýetlenen zerur infrastrukturany gurmak taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 19-njy iýulda Jidde şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” sammitinde Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň döwletleriniň Birinji halkara sport Oýunlaryny geçirmegi teklip etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda Türkmenistanyň bar bolan ähli döwrebap sport infrastrukturasyny hödürlemäge we Oýunlara gatnaşyjylar üçin iň amatly şertleri döretmäge taýýardygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

TFF-niň ýolbaşçylary CAFA-nyň VI gurultaýyna gatnaşdylar
2022-nji ýylda Merkezi Aziýanyň futbolyna näme garaşýar
Aziýa kubogy ― 2023-iň açylyş duşuşygyny eýranly emin alyp barar
CAFA ― 2023-e gatnaşjak ýygyndylar wekilçiligini 31-nji marta çenli tassyklamaly
Özbegistanly emin Dünýä Kubogynda rekordyň eýesidir (Dünýä Kubogynyň rekordlary)
Ýewropanyň hem-de Aziýanyň türki dilli ýurtlarynyň futbol assosiasiýalarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi