Meşhur gitaraçy Dawid Ýurpo Türkmen milli konserwatoriýasyna baryp gördi

Meşhur gitaraçy Dawid Ýurpo Türkmen milli konserwatoriýasyna baryp gördi

Meşhur gitaraçy, dirižýor, Makon şäheriniň (Fransiýa) simfoniki orkestriniň ýolbaşçysy Dawid Ýurpo Aşgabada saparynyň çäklerinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna baryp gördi.

Gitarada saz çalmagy öwrenýän estrada bölüminiň talyplary açyk sapakda myhman üçin türkmen halk sazlarynyň kompozisiýalaryny, şeýle hem dünýä klassikasynyň eserlerini ýerine ýetirdiler.

Dawid Ýurpo ýaş zehinleriň çykyşlaryndan soň gitarada saz çalmak sungaty boýunça ussatlyk sapagyny geçirdi. Tejribeli gitaraçy ýaş sazandalara sahnada tolgunmazlygyň ýollary barada gürrüň berdi.

Sapagyň dowamynda Dawid Ýurpo has yhlasly talyplara nota partituralaryny paýlady. Öz partiýalaryny öwrenen sazandalar myhmanyň ýolbaşçylygynda ansamblda saz çalmak başarnyklaryny özleşdirdiler.

Men alty ýaşymda wagtym Bahyň lýutnýa üçin Sýuitasyny ilkinji gezek diňläpdim. Gitarada çalnan bu saz meni gitaraçy bolmaga ruhlandyrdy diýip Dawid Ýurpo gürrüň berdi.

Duşuşygyň ahyrynda sazanda şol eseri ýerine ýetirdi we konserwatoriýanyň wekillerini konserte çagyrdy, şonda ol Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestrine dirižýorlyk eder.

Aşgabatdaky Fransiýa institutynyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guran konserti 4-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen milli konserwatoriýasynda Ýeňiş güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi
Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabara
Gruziýa bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşdy
2023-NJI ÝYLYŇ MAÝY: TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DAŞARY SYÝASY BAŞLANGYÇLARYNDAN UGUR ALYP
Dördünji günden soň türkmenistanly samboçylaryň yklym çempionatyndaky medallary 16-a ýetdi
Ýurdumyzyň samboçylary Aziýa we Okeaniýa çempionatynda 26 medal gazandylar