Meşhur serial 8 ýyllyk arakesmeden soň ekranlara dolanar

Meşhur serial 8 ýyllyk arakesmeden soň ekranlara dolanar

Soňky bölümi 2013-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda görkezilen “Dexter” 8 ýyllyk arakesmeden soň, 9-njy möwsümiň bölümleri bilen täzeden ekranlara dolanýar.Millionlaryň söýgüsini gazanan serialda baş keşbi ýene-de Maýkl Si.

Holl (Michael C.Hall) janlandyrar.Drama görnüşli serialda Klaýd Filips hem surata düşer.Serialyň täze 10 bölümi 2021-nji ýylyň güýzünden başlap “Showtime” kanalynda görkeziler.Jeff Lindseýiň “Darkly Dreaming Dexter” atly romany esasynda ekranlaşdyrylan serialyň soňky möwsümleriniň bölümleri romandan garaşsyz ýagdaýda surata düşürildi.

Serialda Maýami Metro polisiýa müdirliginiň jenaýat agtaryş bölüminiň işgäri bolan Dekster Morganyň ýaşryn durmuşy bar.Ol hiç kim tarapyndan bilinmeýän bu durmuşynda ganhor bolup hereket edýär.Täze 10 bölümlik “limited” (çäkli) ýagdaýda görkeziljek serialyň 6 bölümine 8-nji möwsümiň režissýory Markos Siega režissýorlyk eder.

Täze bölümlerdäki wakalar ozalky bölümlerden 10 ýyl soň bolup geçýär: Morgan bu gezek Maýamide däl başga bir ýerde, başga at bilen ýaşap ýör...

Ýene degişli makalalar

Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy
Noýabrda Germaniýada german-türkmen ykdysady forumyny geçirmek meýilleşdirilýär
Raşid Meredow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory bilen duşuşdy
Arkadag şäherinde German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory bilen duşuşyk geçirildi