Messi 3-nji orna beýgeldi, ondan öňde Daei bilen Ronaldo bar

ABŞ-nyň Harrison şäherinde oýnalan ýoldaşlyk duşuşygynda Argentinanyň ýygyndysy Ýamaýkany 3-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.Duşuşykda argentinler 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy.Oýunda gollary 13-nji minutda Hulian Alwares bilen soňky 4 minutda, ýagny 86-njy we 89-njy minutlarda tapawutlanan Lionel Messi geçirdi. Şeýlelikde, Lionel Messiniň milli ýygyndydaky gollarynyň sany 90-a ýetdi (168 duşuşyk).

Super ýyldyz bu duşuşykdan 4 gün Gondurasyň hem derwezesinden 2 gol geçiripdi. Şol duşuşykda-da Argentinanyň ýygyndysy 3-0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Şeýlelikde, Lionel Messi milli ýygyndylarda iň köp gol geçiren 3-nji futbolçy boldy.

Ol malaýziýaly Mohtar Dahariden öňe saýlandy.Messiden öňde häzirlikçe eýranly Ali Daei bilen portugaliýaly super ýyldyz Kristiano Ronaldo bar.Daei 109 (148 duşuşyk), Ronaldo 117 (189 duşuşyk) gol geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we BAE durnukly suw çözgütlerini işläp düzmek boýunça gepleşikler geçirýär
Türkmenistan awiakompaniýasy Milana, Kuala-Lumpura, Jidda we Hoşimine uçuşlaryny dowam etdirer
Russiýa bilen Ukrainanyň Arasynda Ýesir Çalşygy Edildi
Wladimir Putin, Birleşen Arap Emirliklerine Bardy
Dünýäniň iri maýa goýum gaznalary
Yrak-Türkiýe Nebit Geçirijisi Şu Hepde Açylar