Messi Katardaky dünýä çempionatynyň öň ýanyndaky iň uly gorkusyny aýtdy

Messi Katardaky dünýä çempionatynyň öň ýanyndaky iň uly gorkusyny aýtdy

“Pari Sen-Žermeniň” we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi DIRECTV Sports bilen söhbetdeşlikde Katarda geçiriljek 2022-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň öňünde özüniň iň uly gorkusyny aýtdy. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Fideo [Anhel di Mariýa], Paulo [Dibalo] bilen bolan wakalar meni alada goýýar. Bu zatlara üns berseň, hasam gorkýarsyň” diýip, oýunçy aýtdy.

Muňa garamazdan, hüjümçi töwekgelçilikler we saglygyňa zyýan ýetirip biläýjek netijeler barada pikir etmän, meýdançada özüňi adatdakysy ýaly alyp barmagyň gowy boljakdygyny belledi.

Dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň 20-nji noýabrynda başlap, 18-nji dekabryna çenli dowam eder. Ýaryş bäş şäherdäki sekiz stadionda geçiriler. Final oýny “Milli stadionda” geçer. Argentinanyň milli ýygyndysy toparda Saud Arabystany, Meksika we Polşa bilen oýnar.

Ýene degişli makalalar

Messi we topardaşlary çempionata taýýar Argentinanyň düzümi belli edildi
Messi we ýoldaşlarynyň Wembley-däki tangosy
Argentina Finalissimanyň ýeňijisi boldy
Türkmenistan awiakompaniýasy Kazandan Türkmenabada ilkinji howa gatnawyny amala aşyrdy, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligine degişli binalaryň satuwy boýunça auksion sanly platformada geçiriler, 2022-nji ýylyň maý aýy üçin suratlaryň saýlama toplumy
Ýewropanyň we Amerikanyň çempionlarynyň duşuşygynda Argentina ýeňiş gazandy
Messi täze toparyny mälim etdi