Messi täze toparyny mälim etdi

Dünýä futbolynyň iň esasy ýyldyzlaryndan hasaplanýan argentinaly Lionel Messiniň PSŽ-den gitjekdigi ozaldan mälimdi. Ýyldyz oýunçynyň mundan soň ozalky kluby “Barselona” dolanmak niýeti bardy. Şol birwagtyň özünde-de araplaryň “Al-Hilal” kluby, ABŞ-nyň “Inter Maýami” kluby Messi bilen içgin gyzyklanýardy. “Al-Hilal” topary Messä 3 ýyllyk şertnama üçin 1,5 milliard ýewro bermäge-de taýýardy.

Beýleki bir tarapdanam “Barselonanyň” Messiniň transfer etmegi üçin aýlyga degişli býujetlerinde düýpli üýtgeşiklik etmegi gerekdi. 3-4 ýyldyz oýunçysyny klubdan ugratmaly, ýene-de käbir oýunçynyň hem alýan töleglerini azaltmaly boljakdy.

Netijede, Lionel Messi mundan soň ABŞ-nyň “Inter Maýami” klubunda çykyş etjekdigini habar berdi. Ol bu barada ispan metbugatyna beren beýanatynda:

Inter Maýami toparynyň düzümine goşulýaryn.Barselona dolanasym gelýärdi, çyndanam şeýle niýetim bardy. Ýöne iki ýyl öňki ýaly wakalaryň täzeden gaýtalanmagyny islemedim.Birgiden oýunçy satmaklaryny ýa-da beýlekileriň aýlyk haklaryny azaltmaklaryny islämok.

Birem mesele hiç haçan pul bilen baglanyşykly bolmandy.Eger şeýle bolsady, onda Saud Arabystanyna giderdim. Özüm hem-de maşgalam barada pikirlenip, şeýle netijä geldim diýip, beýanat berdi.

Ozalky meşhur futbolçy, angliýaly Dewid Bekhamyň eýeçilik edýän “Inter Maýami” topary bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşar. Şeýle-de, “Inter Maýami” topary “Ýuwentusdan” gaýdan argentinaly başga bir ýyldyz oýunçy Anhel Di Mariýa bilen hem içgin gyzyklanýar.

Ýene degişli makalalar

Resmi: Messi Inter Maýami toparyna geçdi
Messi möwsüm tamamlanansoň PSŽ-ni terk eder
Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizildi, Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň Baştutanyny doglan güni bilen gutlady, Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy we beýleki habarlar
Bir sözlemde (günüň sport täzelikleri 1-nji maý)
Messi Maýamide
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi