Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizildi, Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň Baştutanyny doglan güni bilen gutlady, Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy we beýleki habarlar

Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizildi, Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň Baştutanyny doglan güni bilen gutlady, Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Baştutany Sadyr Žaparowa doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.Türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda Prezident Sadyr Žaparowyň ýolbaşçylygynda Gyrgyzystanyň syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki ugurlarda uly üstünlikleri gazanandygyny belläp geçdi. Şeýle hem ol iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň çalt depginde ösýändigine ünsi çekdi we gyrgyz kärdeşine döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşýan uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

2.Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.Ahalteke atlary ajaýyp häsiýetleri bilen gadymy döwürlerden bäri meşhurdyr.Olar bilen baglanyşykly at dakmak dessuryndan başlap, at çapyşyklaryna we toý dabaralaryna çenli däp-dessurlaryň tutuş toplumy emele geldi.

Atlary seýislemek baradaky bilimler we başarnyklar Türkmenistanda nesilden-nesle geçip gelýär we ol ýurduň taryhy-medeni mirasynyň bir bölegidir.

3. Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy. Açylyş dabarasyna gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny diňlediler. Şu gezekki sergi hem Türkiýäniň önüm öndürijileriniň giň mümkinçiliklerini görkezmek bilen, ýokary tehnologiýalary, innowasion işläp taýýarlamalary, öňdebaryjy tejribeleri alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüler.

4.Hazar deňziniň derejesiniň peselmegi ýakyndan öwrenmegi, ünsi we toplumlaýyn çemeleşmegi talap edýänmöhüm meseledir.Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Moskwada geçirilen Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygynda aýdyp geçdi.

Ministr Hazar deňzinde suwuň azalmagy bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmekden ybarat bolan bäştaraply iş toparyny döretmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.Ol suwuň ýalpaklaşmagynyň netijeleriniň öňüni almak we azaltmak çärelerini işläp düzmegiň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistan degişli hukuk resminamasynyň taslamasyny işläp düzmäge taýýardygy beýan etdi.

5. Aşgabatda 10-njy Türkmen-amerikan işewürler maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda şeýle duşuşyklaryň netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, maýa goýum işini höweslendirmekde uly ähmiýetiniň bardygy nygtaldy.

Dünýäde

6.Pekin dünýäniň ylym şäherleriniň sanawynda ýene-de birinji orny eýeledi.Hytaýyň paýtagty eýýäm yzly-yzyna ýedinji ýyl Nature Index boýunça birinji orny eýeleýär.Soňky statistika maglumatlaryna görä, Pekin emeli aň pudagyndaky patent gaznasy boýunça dünýäde birinji ýerde durýar. Şeýle hem Hytaýyň paýtagtynda 10 müň ilata, ortaça, 218,3 sany oýlap tapyş üçin patent düşýär, bu bolsa oňa degişli görkeziji boýunça ýurduň şäherleriniň arasynda birinji orny eýelemäge mümkinçilik berýär.

7. Dubaýyň ýolbaşçylary dünýädäki iň uly emeli deňiz rifleriniň birini gurmagy meýilleşdirýändiklerini yglan etdiler. 600 inedördül km meýdanda ýaýbaňlandyryljak Dubai Reef taslamasy balyk gorlaryny köpeltmek, daşky gurşawy goramak we azyk howpsuzlygynyň derejesini ýokarlandyrmak maksatlaryna gönükdiriler. Dubaýda emeli rifiň gurulmagy BAE-niň 2050-nji ýyla çenli howa bitaraplygyny gazanmak strategiýasynyň möhüm bölegidir.

Sport habarlary

8.AFK Çempionlar ligasynyň Günbatar zolagynyň toparçalaýyn tapgyrynyň 6-njy aýlawynyň netijelerine görä, pleý-off tapgyryna gatnaşjak 16 toparyň 8-si belli boldy.Saud Arabystanyndan Al-Hilal, Al-Nasr, Al-Ittihad we Al-Feýha, Özbegistandan Nasaf we Nawbahor, BAE-den Al-Aýn we Eýranyň Sepahan toparlary 1/8 finaldaky orunlaryny kepillendirdiler. Ýene 8 gatnaşyjy AFK Çempionlar ligasynyň Gündogar zolagynyň toparçalaýyn tapgyry tamamlanandan soň belli bolar. Ýaryşyň bu tapgyrynyň bije çekişligi 28-nji dekabrda Kuala-Lumpurda geçiriler.

AFK Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň oýunlary 2024-nji ýylyň fewral-aprel aýlarynda oýnalar.Final iki oýun görnüşinde geljek ýyl 11-nji we 18-nji maýynda geçiriler.

9.Inter Maýami amerikan futbol toparynyň hüjümçisi argentinaly Lionel Messi Time žurnaly tarapyndan ýylyň türgeni hökmünde saýlandy.Messi 2023-nji ýylyň tomsunda amerikan toparyna geçdi, güýzde bolsa rekord derejede sekizinji gezek Altyn pökgä mynasyp boldy.

Hüjümçi Argentinanyň milli ýygyndysy bilen bilelikde 2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji boldy.Awgust aýynda Messi Baş futbol ligasynyň we Meksika çempionatynyň toparlaryny öz içine alýan Ligalaryň kubogyny eýeledi we baýraklarynyň sany boýunça rekordyň eýesi boldy.

Ýene degişli makalalar

Türki  Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar
Ýüz ýyl bäri ýiten hasaplanyp gelen Galapagos pyşdyly diri bolup çykdy
Alymlar delfinleriň dürli şiwede gürleşýändiklerini subut etdiler
Amerikaly inženerler howadan suw almagyň usulyny tapdylar
Alymlar plastigi bir hepdede gaýtadan işlemegiň usulyny tapdylar
Gartaşan adamlara näçe wagtlyk ukynyň gerekdigi belli edildi