Messi, Mbappe meýdança çykýar Katar 2022-de 3-nji günüň duşuşyklary

Ýokary depginde dowam edýän 22-nji Dünýä Kubogy ýaryşynyň 3-nji gününde 4 duşuşyk geçiriler. Çempionatyň 3-nji gününde Messi, Mbappe, Lautara Martines ýaly ýyldyz oýunçylar meýdança çykar.

MESSI WE ÝOLDAŞLARY

Şol duşuşyklaryň ilkinjisi “C” toparçada Argentina bilen Saud Arabystanynyň arasynda oýnalar. Lusaildäki “Lusail Iconic” stadionynda oýnaljak duşuşyk Aşgabat wagty bilen 15:00-da başlar we oýna sloweniýaly Slawko Winçiç eminlik eder. Bu 2 toparyň arasyndaky 5-nji duşuşyk bolup, mundan 4 oýunda argentinler 2 gezek ýeňiş gazandy. 2 duşuşyk hem deňlikde tamamlandy.

Günüň 2-nji duşuşygynda “D” toparçada Daniýa bilen Tunis özara güýç synanyşar. 18:00-da başlanjak duşuşyk Al Raýýandaky “Education City” stadionynda oýnalar. Duşuşykda meksikaly Sezar Arturo Ramos jürlewük çalar. Iki ýygyndysy 3-nji gezek duşuşyk mundan öňki 2 oýunda-da Daniýa ýeňiş gazanypdy (5-2 gollar).

44 ÝYLDAN SOŇ DÜNÝÄ KUBOGYNDA IKINJI GEZEK DUŞUŞÝARLAR

3-nji günüň 3-nji duşuşygynda “C” toparçada Meksika bilen Polşa özara duşuşar. 21:00-da başlanjak oýna awstraliýaly Kris Bit eminlik eder.Paýtagt Dohadaky “Stadium 974” stadionynda oýnaljak bu duşuşyk olaryň özara 9-njy oýny bolar.

Mundan öňki 8 oýunda hersi-de 3 gezek ýeňiş gazanyp, 2 duşuşyk deňlikde tamamlandy.Iki topar 44 ozal mundan öň 1978 Dünýä Kubogynda duşuşypdylar. Şonda Polşa 3-1 ýeňiş gazanypdy.

ÇEMPIONYŇ ILKINJI DUŞUŞYGY

Güni tamamlaýan 4-nji oýun “D” toparçada soňky çempion Fransiýa bilen Awstraliýanyň arasynda bolar. 00:00-da başlanjak bu duşuşyga Günorta afrikaly Wiktor Gomes eminlik eder.Bu olaryň arasyndaky 6-njy duşuşyk bolup, mundan öňki 5 oýunda Fransiýa 3, Awstraliýa 1 gezek ýeňiş gazandy.

Iki topar geçenki çempionatda-da, ýagny Russiýa 2018-de hem duşuşypdy we şonda Fransiýa 2-1 üstün çykypdy.Duşuşyk Al Wakra şäherindäki “Al Janoub” stadionynda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Inter Italiýanyň Super Kubogyna mynasyp boldy
Bawariýa Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna çykdy, Barselona - Inter - 3:3
Messi we topardaşlary çempionata taýýar Argentinanyň düzümi belli edildi
“Interden” soň “Milan” hem soňky minutlarda ýeňşi elden giderdi
“Milan” 15 ýyldan soň çärýek finala çykyp bilmedi
Italiýanyň Superi “Inter”