MESSIDEN 500-nji GOL

Ispaniýanyň “La Ligasynda” 33-nji tapgyrda oýnalan “El Klasikoda” “Barselona” myhmançylykda soňky sekuntlarda Lionel Messiniň geçiren goly bilen 32 hasabynda “Real Madridi” utdy.Bu oýunda 2 gezek tapawutlanan Lionel Messiniň “Barselonadaky” umumy gollarynyň sany 500-e ýetdi. 77-nji minutda meýdançadan çykarylan Serjio Ramos 22-nji gezek gyzyl petek aldy.

Bu oýundan soň 34-nji tapgyrda “Barselona” öz meýdançasynda “Osasunany” 71 hasabynda ýeňdi.Oýunda toparyň 6-njy pökgüsini tora salan Haiwer Maskerano 7 ýyllyk “Barselona” karýerasynda ilkinji goluny geçirdi. “Barselonanyň” çempionatda şu möwsümde geçiren gollarynyň sany-da 101-e ýetdi.

Bu oýundan soň, “Osasuna” 4 tapgyr galanda, aşaky liga düşdi. “Real” bolsa, myhmançylykda “Deportiwodan” 62 hasabynda üstün çykdy.* Italiýanyň çempionatynda 9 goluň geçirilen oýnunda “Fiorentina”“Interi” 54 (Weçino 23, 64, Astori 62, Babakar 70, 79 Perişiç 28, Ikardi 34, 88, 90+1) hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Lasio-da” öz meýdançasynda “Palermony” 62 ýeňdi.

Ilkinji 26 minutda 5 gol geçiren “Lasio” 1938-nji ýyldan soň, muny başaran 1-nji topar boldy. “Ýuwentus” “Jenoany” 40 hasabynda ýeňdi.* Germaniýada “Bawariýa” öz meýdançasynda “Maýns” bilen 22 hasabynda deňme-deň oýnady.

Iki atdaş toparyň arasyndaky oýunda “Borussia D.” myhmançylykda “Borussia M.” toparyny 32 hasabynda utdy.* Russiýanyň çempionatynda 24-nji tapgyrda “Rostow” sanawyň lideri “Spartagy” Buharowyň (2) hem-de Gaskanyň gollary bilen 30 hasabynda ýeňdi. “Spartak” 25-nji tapgyrda “Uraly” Fernandonyň goly esasynda utmagy başardy. “Rostow” soňky oýnunda “Ufany” Polozyň ýeke-täk goly bilen 10 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.* Fransiýada “Monako” myhmançylykda Falkao (36) we Mbappeniň (44) gollary bilen “Liony” 21, PSŽ öz meýdançasynda “Monpelieni” 20 (Kawani 29, Di Mariýa 48) hasabynda utdy.* Angliýanyň çempionatynda “Çelsi” öz meýdançasynda “Southemptondan” 42 (Hazard , Kahill, Diego Kosta Romeu 24, Bertrand 90+4), “Tottenham” myhmançylykda “Kristal Palasy” Erikseniň goly bilen 10 hasabynda utdy.

Mançester derbisinde “Siti” bilen “Ýunaýtediň” arasyndaky oýundan gol sesi çykmady.

Ýene degişli makalalar

“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
Dünýäniň iň gymmat 30 kluby
“La Liganyň” 89-njy
Dünýäniň iň uly 10 derbi duşuşygy