Messiniň 600-nji goly

Ispaniýanyň “La Ligasynda” “Barselonany” çempionlyga bir ädim golaýlaşdyran duşuşykda katalonlar Madridiň “Atletikosyndan” 10 hasabynda üstün çykdy. Çempionatyň liderine ýeňiş getiren bu goly 26-njy minutda jerime urgusyndan Lionel Messi öz adyna ýazdyrdy.

Bu gol Messiniň karýerasynda resmi duşuşyklarda derwezä uran 600-nji goly diýlip, hasaba alyndy. “La Ligada” soňky çempion “Real Madrid” bolsa, ýyldyzlary Beýl we Ronaldonyň (2) gollary esasynda şäheriň beýleki topary “Hetafeni” 31 ýeňdi.* * *Germaniýanyň “Bundesligasynda” 2-nji orun ugrunda göreşýän “Leipsig” bilen “Borussiýa D.” toparlarynyň duşuşygynda ýeňiş gazanan bolmady.

Fransiýanyň çempionatynda PSŽ myhmançylykda “Troýadan” Di Mariýa we Nkunkunyň gollary bilen 20 üstün çykdy. 2-nji aýlawyna badalga berlen Russiýanyň çempionatynda birnäçe duşuşyk garly howada oýnaldy we 8 oýnuň ýarysy deňlikde gutardy.

Tapgyryň merkezi duşuşygy bolan “Lokomotiw” bilen “Spartagyň” arasyndaky Moskwa derbisinde hasap açylmady. “Rubin” hem 90+1-nji minutda toruna gol goýberdip, ýeňiş gazanmak mümkinçiligini elden giderdi.* * *Italiýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Napoli” öz meýdançasynda “Romadan” 42 hasabynda asgyn gelip, çempionlyk ugrunda uly ýitgä sezewar boldy.

Neapollileriň söbügini basyp barýan soňky 6 ýylyň çempiony “Ýuwentus” myhmançylykda “Lasiony” Dibalanyň 90+3-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen utmagy başardy. “Serie A-da” galan beýleki duşuşyklar “Fiorentina” toparynyň 31 ýaşly goragçysy Dawide Astoriniň garaşylmadyk ýagdaýda aradan çykmagy sebäpli yza süýşürildi. “Milanyň” ýaşlar düzüminde futbola başlan Astori “Kaliari” toparynda özüni tanadypdy. 2015-nji ýyldan bäri “Fiorentinada” oýnap gelýän Astori Italiýanyň milli ýygyndysynda-da 14 duşuşyk geçirdi.

Astori 2 ýaşly gyzy Wittoriýanyň kakasydy.

Çempionlyga 4 ýeňiş galdyAngliýanyň çempionatynda “Mançester Siti” soňky çempion “Çelsini” Bernardo Silwanyň 46-njy minutdaky goly bilen 10 hasabynda utdy.Bu netijelerden soň, “Siti” galan 9 duşuşygyň 4-sinde ýeňiş gazansa, onda olar nobatdaky çempionlygyny yglan ederler. “Mançester Ýunaýted” myhmançylykda “Kristal Palas” bilen duşuşyp, garşydaşynyň 20 öňe saýlanandygyna garamazdan, 90+1-nji minutdaky Matiçiň owadan goly esasynda 32 ýeňiş gazandy.

Ýene degişli makalalar

“Romanyň” täze hüjümçileri
Soňky minutlarda hasaby deňlän “Çelsi” topary “Arsenaly” begendirdi
Londonda golsuz gije
FA Kubogynda 4-nji tapgyryň bijeleri çekildi
Mançesterde bu gezek ýeňşiň reňki gyzyl
Meşhur, owadan zenan futbolçy ýene-de Angliýa gaýdyp geldi