Messisiz ilkinji çempionlyk

Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada” çempion wagtyndan öň belli boldy. 34-nji tapgyrda Kataluniýa derbisinde şäherdeşi “Espanýoldan” 4-2 üstün çykan “Barselona” 27-nji çempionlygyny yglan etdi.Bu duşuşykda “Barselona” hem ýeňiş, hem-de çempionlyk getiren gollary Lewandowski (2), Balde hem-de Kunde geçirdi. Şunlukda, “Barselona” topary möwsümiň tamamlanmagyna 4 tapgyr galanda, 27-nji gezek “La Liganyň” çempionlygyny gazandy. “Barselona” bu ugurda 35 çempionlygy bolan “Real Madridden” soň 2-nji ýerde barýar. “Barselona” topary mundan öň soňky gezek 2018/19 möwsüminde çempionlyk gazanypdy.

Toparyň tälimçisi Hawi Hernandes bolsa, tälimçi hökmünde “Barselonadaky” ilkinji çempionlygyny, 2-nji kubogyny asmana göterdi. Şeýle-de, ol katalonlaryň düzüminde hem futbolçy, hem-de tälimçi hökmünde çempionlyk gazanan 5-nji hünärmen hökmünde hasaba alyndy.

Hawiden öň Ýosep Samitier, Ýohan Kroýff, Pep Guardiola hem-de Luis Enrike şeýle başarnyk görkezipdiler. Şeýle-de, bu ýeňiş super ýyldyz Lionel Messiniň klubdan gitmeginden soň gazanylan ilkinji çempionlyk hökmünde hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
… we Dünýä Kubogy Messiniň ellerinde
Deşam PSŽ-li ýaş oýunçyny ilkinji gezek ýygynda çagyrdy
Fransiýanyň esasy iki ýyldyzynyň biri şikesi sebäpli düzümden çykaryldy
Ähli çempionata gatnaşan ýeke-täk topar
“Meniň ornumy hiç kim almaz”