Kubanyň Daşary işler ministrliginiň Twitter hasabyndan paýlaşylan gynanç ýüzlenmesinde Mewlüt Çawuşoglynyň başdan geçirilen partlama we ýangyna uly gynanç bildirýändigi habar berildi.
Çawuşogly: "Türkiýäniň halkynyň we hökümediniň adyndan, wakada pida bolanlara adamlara tüýs ýüregimizden gynanç bildirýäris we ýaralananlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris. Dostlykly Kubanyň halkynyň gam-gussasyny paýlaşýarys" diýip beýan etdi.
Kubanyň Matansas portyndaky tanker bazasynda 5-nji awgustda bolan we 1 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen partlamada ýaralananlaryň sany 125 adama ýetdi.
Sebitden howpsuz ýerlere göçürilenleriň sany bolsa 4 müňden hem geçendigi aýan edildi.
