Mewlüt Çawuşogly Serbiýada saparda bolýar

Mewlüt Çawuşogly Serbiýada saparda bolýar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Serbiýanyň paýtagty Belgratda ýurdyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç tarapyndan kabul edildi.

Wuçiç we Çawuşogly toparara gepleşikler geçirdiler.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanata görä şu gün Demirgazyk Makedoniýanyň Ohri şäherinde geçiriljek II Prespa Dialog forumyna gatnaşmagyna we forumyň ýokary derejeli açylyş dabarasynda çykyş etmegine garaşylýan Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, forumyň çäginde ikiçäk duşuşyklar geçirer we Demirgazyk Makedoniýadaky türk jemgyýetiň wekilleri bilen duşuşyk geçirer.

Mewlüt Çawuşoglynyň 19-njy iýuna çenli dowam etjek Balkan ýurtlaryna saparynyň çäginde, Serbiýadan soň Horwatiýa, Bosniýa-Gersegowina we Kosowa sapar guramagy meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi