MHG Siriýada PKK-a garşy möhüm operasiýa geçirdi

MHG Siriýada PKK-a garşy möhüm operasiýa geçirdi

2006-njy ýylda Eýranda ekstremist terror guramasy PKK-nyň düzümine goşulan Fatma Sakana, 2010-2012-nji ýyllar aralygynda Şyrnak welaýatynda iş alyp bardy.

Ekstremist terror guramasynyň 2012-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Şyrnak welaýatynyň Beýtüşşebap etrabynda 10 esgeriň şehit edilen hüjümiň jogapkärleriniň biri bolan Fatma Sakana, ondan soň bolsa Siriýada we Yrakda guramanyň jogapkär ýolbaşçylaryň arasyna goşuldy.

Soňky gezek bolsa Siriýanyň Kamyşly şäherindedigi anyklanan ekstremist terror guramasynyň jogapkär ýolbaşçylarynyň biri bolan Fatma Sakana, Milli howpsuzlyk gullugynyň möhüm operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Ýene degişli makalalar

Milli Howpsuzlyk Geňeşi Prezident Erdoganyň Ýolbaşçylyk Etmeginde Maslahat Geçirdi
Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň terrora garşy göreşi tutanýerlilik bilen dowam edýär
Terrorizme garşy göreşde täze döwür
22-nji martda anna güni Russiýada terrorçylykly hüjüm guraldy
"Türkiyäniň we sebitiň geljeginde terroryň ýeriniň ýokdugyny hemmelere görkezmekde tutanýerlidiris"
ABŞ-nyň Terrorizme Garşy Göreş Boýunça Resmisi Şu Gün Türkiýä Geler
Terrorçy Wahide Atalaý Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi