Microsoft 68,7 mlrd dollara wideo oýunlaryny dörediji Activision Blizzard-y satyn alýar

Microsoft 68,7 mlrd dollara wideo oýunlaryny dörediji Activision Blizzard-y satyn alýar

Microsoft wideo oýunlaryny dörediji Activision Blizzard kompaniýasyny satyn alandygyny yglan etdi. Bu geleşik korporasiýasynyň bütin taryhynda, şeýle hem wideo oýunlar senagatynda iň iri geleşik bolup durýar diýip, ixbt.com The Wall Street Journal neşirine salgylanyp habar berýär.

2023-nji ýylyň iýunynyň ahyryna çenli tamamlanmagy göz öňünde tutulýan geleşigiň bahasy 68,7 milliard dollar.Bu habardan soň, Activision Blizzard-yň paýnamalarynyň her biriniň bahasy 65,39 dollar gymmatlady.

Activision Blizzard — iri oýun we interaktiw kontent döredijidir.Kompaniýanyň döreden oýunlarynyň sanawynda Call of Duty, Candy Crush, Warcraft, Diablo, Overwatch we Hearthstone ýaly meşhur oýunlar bar.Microsoft-da bellemeklerine görä, bu geleşik kompaniýanyň mobil enjamlarda, kompýuterlerde, konsollarda we bulut ulgamlarynda oýun işewürligini ösdürmäge ýardam eder.

Mundan başga-da, bu meta älemi gurmaga nobatdaky uly ädim bolar.Activision-de öz içinde bolşy ýaly, Blizzard-da hem köp sanly dawalar zerarly çylşyrymly döwür başdan geçirilýär.

Mümkin, Microsoft hut şundan hem peýdalanmak isländir.Belläp geçsek, Activision Blizzard-yň häzirki bazar bahasy 50 milliard dollar.Kompaniýanyň ýolbaşçysy Bobbi Kotik häzirlikçe ony dolandyrmagyny dowam eder. Ýatlatsak, geçen ýylda Microsoft kompýuter wideo oýunlaryny dörediji Bethesda kompaniýasyny satyn alypdy. Şol geleşigiň bahasy 7,5 milliard dollar boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Internetiň 'nurbatlaryny' berk towlaýar
“Apple” kompaniýasy “Vision Pro” garniturasy bilen tanyşdyrdy
ABŞ-da bahasy 2,5 milliard dollar bolan robot-gumanoid döredildi
IBM emeli aň platformasyny tanyşdyrdy
Tehnologiýa kompaniýalarynyň girdejileri köpeldi
“Microsoft” Gazagystanda köp sebitli merkez açar
Aşgabatdaky KIBERone programmirleme mekdebi tölegsiz okuwlara gatnaşyp görmäge çagyrýar