“Microsoft” kosmosdan internet hödürlär

Programma üpjünçiligi bilen meşgullanýan “Microsoft” kompaniýasy “Viasat” şereketi bilen bilelikde kosmosdan Ýer ýüzüniň çet ýerlerini internet bilen üpjün eder. “Airband” atly taslamanyň çäklerinde ýeterlik derejede infrastrukturanyň ýok ýerleri ýokary hilli internet bilen üpjün ediler.

Ilkinji nobatda, dünýäniň dürli ýerlerindäki 10 million ulanyja ýokary tizlikli we ygtybarly internet hyzmatynyň hödürlenjekdigi mälim edildi.Bu hyzmatdan Afrikadaky Angola, Demokratik Kongo Respublikasy, Müsür, Nigeriýa we Senegal ýurtlaryndan 5 million ulanyjy peýdalanar.

Günorta Amerika ýurtlar bolan Gwatemala we Meksika hem-de ABŞ ýaly ýurtlarda 5 million ulanyja hyzmat hödürlener.Häzirki wagtda “Microsoft”-yň Kongo Demokratik Respublikasy, Gana, Keniýa, Mozambik, Nigeriýa we Günorta Afrika ýaly ýurtlarda dürli taslamalary durmuşa geçirýär. “Microsoft” 2025-nji ýyla çenli 250 million ulanyja internet hyzmatyny hödürlär.

Häzirki wagtda Ilan Maskyň ýolbaşçylyk edýän “Starlink” hem-de Angliýanyň “Oneweb” taslamalarynyň çäklerinde gönüden-göni kosmosdan internet hyzmatyny hödürlemek üçin taslamalar durmuşa geçirilýär.

Begenç Gurbanow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
Ilon Maskyň täze kompaniýasy
Aşgabatdaky robot ýaryşlary we dünýädäki emeli intellekt aljyraňňylygy’
Türkmenstandartlary baş döwlet gullugynyň wekiliýeti Dubaýda okuw saparynda bolýar
Türkmenstandartlary baş döwlet gullugynyň Dubaýda okuw saparynda bolan işgärleri ETHICAL HACKING V12 şahadatnamalaryny aldylar
Tehnologiýa kompaniýalarynyň girdejileri köpeldi