Microsoft Windows 12-ni döredip başlady

Microsoft Windows 12-ni döredip başlady

Täze Windows düýbünden başgaça operasion sistema bolar diýip, “Ghacks” neşiri ýazýar. Onuň çykjak senesi nämälim bolsa-da, käbir detallary we mümkinçilikleri eýýäm belli.

Microsoft Windows 11 bilen birlikde öňki operasion sistemalaryň işlemegine esas bolan Windows-yň köne esasynyň bir böleginden ýüz öwürmek isleýär.Operasion sistemanyň täze wersiýasy Windows 10X-iň käbir gurluşlaryny öz içine alar we ony ulanmak üçin TPM 2.0 kriptoçibiniň we Microsoft Pluton-yň bolmagy hökmany talap bolar.

Microsoft Pluton bu kompaniýa tarapyndan AMD, Intel we Qualcomm bilen hyzmatdaşlykda döredilen howpsuzlyk çibi.TPM çiplerinden tapawutlylykda, Pluton gönüden-göni merkezi prosessora gurnalýar.Indiki operasion sistemanyň işinde howpsuz ýükleme funksiýasy hem has möhüm rol oýnar.

Windows 12-ni ulanmak üçin Home we Pro ulanyjylary üçin Microsoft akkaunty gerek bolar. Ýatlap geçsek, Microsoft geçen ýylyň oktýabr aýynda dünýädäki ähli ulanyjylar üçin durnukly wersiýa Windows 11-i çykardy.

Gurnamak üçin gabat gelýän kompýuterlerde Windows 10-yň eýeleri üçin täzelenme mugt.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň köp satylýan oýun belli edildi
5-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy täzelikleri Turkmenportal
Windows 11 (22H2) dünýä indi
ABŞ-da mekdepde guralan hüjümde 4 adam ýogaldy
Bütin dünýäniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan tutluşygy
Önümçilik 3 esse artar
Uçýan ýel bekedi