Dünýäde iň köp satylýan oýun belli edildi

Dünýäde iň köp satylýan oýun belli edildi

Mojang kompaniýasy Minecraft oýnunyň 300 million nusgalykda satylandygyny habar berdi diýip, WindowsCentral portalyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Mojang kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, bu oýnuň dürli platformalarda satylan sany 300 million nusgalykdan agdy. Bu oýnuň esasy bäsdeşi Grand Theft Auto V oýnundan 115 million nusgalyk köpdür. Soňky iki ýarym ýylda Minecraft oýnunyň satuwy 26 göterim artdy.

Geljek ýylda bu oýnuň döredilenine 15 ýyl dolýar. Mojang munuň bilen baglylykda, 2014-nji ýylyň bütin dowamynda dürli çäreleri geçirmegi meýilleşdirýär. Galyberse-de, oýnuň täze nusgalary çykarylar.

Minecraft Şwesiýadan bolan programmaçy Markus Persson tarapyndan döredilen çäge görnüşindäki kompýuter oýnudyr. Oýny ilkinji gezek 2009-njy ýylda Perssonyň esaslandyran Mojang AB kompaniýasy neşir etdi.

Bäş ýyldan soňra Microsoft korporasiýasy oýny we kompaniýany 2,5 milliard dollara satyn aldy.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň köp satylýan oýun belli edildi
Ilon Mask Hytaýa bardy
Opel Insignia ýylyň ahyryna çenli önümçilikden aýrylar
Xiaomi kompaniýasy awgustda ilkinji elektromobilini hödürlär
Lexus nobata duranlaryň ummasyzdygy sebäpli LX-e we NX-e sargyt almasyny bes etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny