Dünýäde iň köp satylýan oýun belli edildi

“Mojang” kompaniýasy “Minecraft” oýnunyň 300 million nusgalykda satylandygynyn mälim etdi. Kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, bu oýnuň dürli platformalarda satylan sany 300 million nusgalykdan agdy. Bu oýnuň esasy bäsdeşi “Grand Theft Auto V” oýnundan 115 million nusgalyk köpdür. Soňky iki ýarym ýylda “Minecraft” oýnunyň satuwy 26 göterim artdy.

Geljek ýyl bu oýnuň döredilenine 15 ýyl dolýar. “Mojang” munuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň bütin dowamynda dürli çäreleri geçirmegi meýilleşdirýär.

“Minecraft”, şwesiýaly programmist Markus Persson tarapyndan döredilen we “Mojang AB” studiýasy tarapyndan çykarylan çäge žanryndaky kompýuter oýny. Bäş ýyldan soň, “Microsoft 2,5 milliard dollara “Mojang AB” studiýasy bilen bilelikde “Minecraft”-a hukuk aldy.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň köp satylýan oýun belli edildi
Duşenbe şäherinde Counter-Strike we GTA wideooýunlary gadagan edildi
Mercedes-Benz ABŞ-da A-Class model hataryny satuwdan aýyrdy
Alfa Romeo-nyň ilkinji elektromobili 2024-nji ýylda çykar
Tesla elektrik ulaglary ýollarda köpçülikleýin durup başlady
“Huawei”-iň ikinji ulagy