Kompaniýanyň beýannamasynda “Kopilot” atly täze özbolyşlygyň uzyn e-poçtalary gysgaltma, Wordde taslama hekaýatlar ýazmak we PowerPointte slaýtlary suratlandyrma ýaly aýratynlyklary getirjekdigi habar berildi.
Kompaniýanyň aplikasiýalaryna soňky döwürde meşhur bolan emeli intellekt roboty ÇatGPT-ä meňzeş “Bizness Çat” atly söhbetdeşlik tilsimatyny hem goşjakdygy, Kopilotyň ulanyjy maglumatlaryna görä belli bir taslama bilen bagly e-poçany iş ýoldaşlaryna gysgaldyp ýetirmek ýaly tabşyryklary ýerine ýetirmäge ukyply boljakdygy beýan edipdi.
Mikrosoft 365-iň Baş müdiri Kolette Stallbaumer täze özbolyşlyklaryň häzirki wagtda 20 konstruktiw müşderiň ulanmagyna berilendigini, geljekki aýlarda olaryň sanynyň hasam artjakdygyny aýtdy.
