Milan-nyň gyzyklanýan oýunçysy CAFA Nations Cup ― 2023-niň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy

Milan-nyň gyzyklanýan oýunçysy CAFA Nations Cup ― 2023-niň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy

Eýranyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mehdi Taremi Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň Milletler Kubogynyň toparçasynda iň köp gol geçiren oýunçy boldy.

Porto-nyň 30 ýaşly hüjümçisi toparçalaýyn tapgyrda bolan iki oýunda 6 gol geçirip, Eýrany ilkinji gezek CAFA Milletler Kubogy-2023 ýaryşynyň finalyna çykardy. Milli ýygyndy toparçada Owganystany (6:1) we Gyrgyzystany (5:1) utdy.

Öň habar beriş serişdelerinde Milanyň hüjümini güýçlendirmek üçin mümkinçilik gözleýändigi barada maglumatlar ýaýrapdy. Dalaşgärleriň biri hökmünde hem Porto-nyň hüjümçisi Mehdi Taremi görkezilýär.

Eýranyň we Özbegistanyň milli ýygyndy toparlarynyň arasynda boljak CAFA-2023 Milletler Kubogynyň finaly 20-nji iýunda Daşkentdäki Bunýodkor stadionynda geçiriler. Ýaýlyma alyp görkeziliş Aşgabat wagty 20:30-da başlar.

Ýene degişli makalalar

Futbol teleýaýlymy CAFA Nations Cup-2023-iň Türkmenistanyň we Täjigistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky oýny göni ýaýlymda görkezer
Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýrana saparynyň dowamynda 5 sany täze resminama gol çekildi, Türkmenistanyň IIM ýangyn howpsuzlygy düzgünlerini berjaý etmek barada duýdurýar, Türkmenistanda ýylyň iň gowy talyby saýlanyldy we beýleki habarlar
Turkmenistan and the United Nations are committed to long-term cooperation
TÝL ― 2023: 9-njy tapgyryň duşuşyklary öňe süýşürildi
Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy iýun aýynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer
BAE-de Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirilýär, RT Documentary ahalteke atlary barada filmi surata düşürip başlady, we beýleki habarlar