“Milan” soňky minutda Milanyň goluny saklap bilmedi

UEFA Ýewropa Ligasynda 1/16 finalyň birinji duşuşyklary oýnaldy. Oýnalan 16 oýnuň 9-synda myhmanlar ýeňiş gazandy. Jemi 59 gol geçirilip, 2 oýunda 7 gol hasaba alyndy.

Italiýanyň “Milan” topary myhmançylykda “Srwena Zwezda” bilen duşuşyp, oýun 2-2 hasabynda deňlikde gurtardy. “Milan” 90+3-nji minutda Milan Pawkowyň goluny saklap bilmän meýdançany deňlik bilen terk etmeli boldy (Kanga 52 p, Pawkow 90+3 Pankow 42 ö.d. Hernandes 61 p).

Başga bir italýan kluby “Napoli” myhmançylykda “Granadadan” 2-0 asgyn geldi (Herrera 19, Kenedi 21). Roma topary-da şol hasap (2-0, Jeko 5, Maýoral 86) bilen “Bragany” ýeňip, ýurduna ýeňiş bilen dolandy.

3 gol geçirip hem ýeňiş gazanyp bilmediler

Nemes klublary “Baýer” bilen “Hoffenhaým” myhmançylykda degişlilikde “Ýang Boýz” hem-de “Molde” toparlary bilen duşuşdy.Iki topar hem garşydaşlarynyň derwezesinden 3 gol geçirse-de, ikisine-de ýeňiş gazanmak başartmady. “Baýer” 43 utuldy (Fassnakt 3, Siebatçeu 19, 89, Elia Şik 49, 52, Diabi 68), “Hoffenhaým” 3-3 (Ellingsen 41, Andersen 70, Fofana 74 Dabbur 8, 28, Baumgartner 45+3) deňme-deň oýnady.

Şeýle-de “Dinamo Kiýew” bilen “Klub Brýugge” 1-1 deňme-deň oýnap, “Krasnodar” öz meýdançasynda “Dinamo Zagrebden” 3-2, “Makkabi Tel Awiw” “Şahtýor Doneskden” 2-0 utuldy.

Niderland klublaryndan “Aýaks” myhmançylykda “Lilli” 2-1 ýeňse, PSW myhmançylykda Olimpiakosdan 4-2 utuldy. “Willarreal” myhmançylykda “RB Salsburgy” Alkaser hem-de Ninýonyň gollary bilen 2-0 utdy.

7 goluň geçirilen oýnunda “Reýnjers” soňky minutda ýeňiş goluny geçirip, “Antwerpeni” 4-3 utdy.

Jogap oýunlary 25-nji fewralda oýnalar.

The post “Milan” soňky minutda Milanyň goluny saklap bilmedi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Milan” we “Benfika” 23 oýundan bäri ýeňilmän gelýär
24 duşuşygyň 12-sinde myhmanlar ýeňiş gazandy
Dibala,Neýmar,Jeko
Ýewropa ligasynda 14 topar 2-nji tapgyra çykdy
Ýewropa ligasynda 1/16 finalda çykyş etjek klublar belli boldy
Geljegiň 60 ýyldyz futbolçysy