Milanlylar bu gezek finala çykmazdan öýlerine dolandy

Milanlylar bu gezek finala çykmazdan öýlerine dolandy

Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda geçirilýän Italiýanyň Super Kubogy ýaryşynda “Milandan” soň “Inter” hem finala çykyp bilmedi.

Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda geçirilýän Italiýanyň Super Kubogy ýaryşynda “Milandan” soň “Inter” hem finala çykyp bilmedi.Aslynda, adatça Super Kubogy duşuşygynda ýurduň çempiony bilen kubogyň ýeňijisi duşuşýardy. Ýöne soňky ýyllarda ýaryşyň şowhunyny artdyrmak hem-de has köp girdeji gazanmak maksady bilen 4 toparyň gatnaşýan ýaryşyna öwrülen Super Kubogy ýaryşynda bu gezek şol köne däbe göre final duşuşygy geçiriler. Ýagny finala çempion hem-de kubogyň ýeňijisi çykdy.

“Bolonýa” toparynyň garşydaşy “Napoli” bolup, “Serie A”-nyň soňky çempiony ýarym finalda “Milandan” 2-0 hasabynda üstün çykdy. “Napoli” toparyna ýeňiş getiren gollary Dawid Neres (39) bilen Rasmus Hoýlunn (63) derwezä girizdi.

Geçen gezek finalda duşuşypdylar

Şunlukda, “Milandan” soň “Inter” topary, ýagny Milan şäheriniň 2 wekiline-de finala çykmak başartmady. Iki topar geçen gyşda finalda duşuşyp, “Milan” 3-2 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Italiýanyň Super Kubogy ýaryşynyň finaly duşenbe güni gije, ýagny 22-nji oktýabrda “Napoli” bilen “Bolonýanyň” arasynda oýnalar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar.

Ýene degişli makalalar

3-nji gezek Super Kubogy eýeledi
“Serie A”-da ýene-de lider üýtgedi
“Serie A”-da 13-nji tapgyrdan soň üýtgän zat ýok
Ilkinji ýeňişler, ilkinji ýeňlişler
“Serie A”-da liderlik gezegi “Milanda”
Kembek eden “Milan” birinjiligini saklamagy başardy