“Milanyň” täze sag gyraky goragçysy

Italiýanyň öňdebaryjy klublaryndan “Milan” topary Angliýanyň “Tottenham” toparyndan sag gyraky goragçy Emerson Roýaly düzümine goşdy. 26 ýaşly oýunçynyň transfer tölegi 15 million ýewro diýlip kesgitendi. Italýan kluby bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşan Emerson “Milanda” 22-nji belgide oýnar. Ýurdunyň Ponte Preta toparynda futbola başlan Emerson “Atletiko Mineiro”, “Betis”, “Barselona” klublarynyň köýnekçelerini hem geýdi.

Emerson “Tottenhamda” 3 möwsümde 101 oýunda meýdança çykdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Meşhur futbolçynyň ogly ilkinji gezek milli ýygynda çagyryldy
“Çelsi”“Arsenal”, “Tottenham”“Liwerpul”, “Roma”“Lasio”, “Ýuwentus”“Inter”
Messi we topardaşlary çempionata taýýar Argentinanyň düzümi belli edildi
Mane şikesli bolsa-da, Katara çagyryldy Senegalyň düzümi belli boldy
“Milan” Ýewropa çempiony, ýyldyz hüjümçini transfer etdi