“Milan” Ýewropa çempiony, ýyldyz hüjümçini transfer etdi

Italýanynyň “Milan” kluby Ýewropanyň çempionyny, ispaniýaly Alwaro Moratany düzümine goşdy. Italýan topary bu transfer üçin “Atletiko Madride” 13 million ýewro berer. 31 ýaşyndaky Morata milanlylar bilen 4+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Morata “Milanda” 7-nji belgili köýnekçäni geýer.

“Real Madridde” futbola başlan Morata 4 ýyldan soň 2014-nji ýylda “Ýuwentusa”, 2 ýyldan soňam täzeden “Reala” transfer bolupdy. 2017-nji ýylda-da “Çelsiniň” düzümine goşulan Morata bu ýerde 2 möwsüm oýnap, 2019-njy ýylda “Atletiko Madridiň” oýunçysy boldy. 2 möwsümden soň täzeden “Ýuwentusa” kärendesine transfer bolan Morata soňky möwsümde “Atletikonyň” köýnekçesini geýdi.

Morata çykyş eden klublarynda 589 oýunda 217 gol geçirdi.Sanlyja gün öň Berlinde Ýewropanyň çempionlyk kubogyny kapitan hökmünde asmana göteren Morata milli toparda-da 80 duşuşykda 36 gezek tapawutlandy.

Ýene degişli makalalar

Alwaro Morata Milanyň futbolçysy boldy
Çempionlar Ligasynda 5 dürli klub bilen gol geçiren 3-nji futbolçy
Öňünden çykany ýeňýär, gezek “Real Madridde”
“Milan” “Realy” 15 ýyldan soň 7-nji gezek ýeňdi
23-nji oktýabr
Iňlis toparlary ýeňlişsiz barýar