Milli bahar baýramy Halkara Nowruz güni bellenildi

Milli bahar baýramy  Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmen halky Milli bahar baýramy Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylady. Milli bahar baýramy mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Nowruz ýaýlasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baýramçylyk mynasybetli watandaşlarymyza iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly, galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolan Nowruz halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň kemala gelmeginde aýratyn ähmiýetli bolupdyr.

Nowruz ýaýlasynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabarasy ildeşlerimize şatlyk paýlady. Şeýle hem bu ýerde türkmen halkynyň özboluşly medeniýetiniň möhüm bölegi bolan milli tagamlaryň dürli görnüşleri görkezildi. Bugdaýdan taýýarlanylýan semeni Nowruz baýramynyň däp bolan tagamydyr. Milli oýunlar baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Baýramçylyga bagyşlanyp, bu ýerde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onuň dowamynda aýdym-sazlar, tans we halk döredijiligi eserleri, mähriban Watanymyzy, täze taryhy döwrümizi, gazanýan uly üstünliklerimizi wasp edýän çykyşlar ýerine ýetirildi. Halk sazlary, aýdymdyr tanslar döwrebap äheňler bilen sazlaşykly utgaşdy. Munuň özi nesilleriň we döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň, türkmen sungatynyň gülläp ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ähli sebitlerinde Nowruz baýramy giňden bellenilýär
Täjigistanyň Prezidenti: dünýä 2024-nji ýylda azyk üpjünçiliginde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolar
Ýurdumyzda şanly waka mynasybetli dabaralara badalga berildi
Berkarar döwletiň ylham joşguny atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Türkmenistanyň Prezidentine Tatarystanyň ilkinji Prezidentinden gutlag haty geldi
Diňle: Lebapda Nowruz baýramy aýdym-sazsyz, ýöne güýçlendirilen gözegçilikde bellenildi