Milli Geňeşiň Halk Maslahatynda hukuk bilermenler topary döredildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynda hukuk bilermenler topary döredildi.

Şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurduň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän toplumlaýyn işler barada Türkmenistanyň Prezidentine maglumat berdi.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Halk Maslahatynda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek babatda teklipler işlenip taýýarlanyldy. Şeýle-de Adalat ministrligi bilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwini üýtgedip guramak hakynda Kararyň taslamasy taýýarlanyldy.

Ýurtda amala aşyrylýan özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek, döwletimizde ileri tutulýan meseleler boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak maksady bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynda hukuk bilermenler topary döredildi.

Halk Maslahatynyň agzalary döwletiň gazananlaryny, täze taryhy döwürde ýurdumyzy depginli ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň hem-de milli kanunçylygymyzyň many-mazmunyny halkymyza giňden ýetirmek boýunça geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarlar. Ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, sagdyn durmuş ýörelgesi, milli däpleri aýawly saklamak ruhunda terbiýelemek babatda işler dowam etdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynda hukuk bilermenler topary döredildi
Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýanyň ýokary döwlet sylagy gowşuryldy
On aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýanyň ýokary döwlet sylagy gowşuryldy