Milli Geňeşiň Halk Maslahatynda hukuk bilermenler topary döredildi

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynda hukuk bilermenler topary döredildi

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek babatda teklipler işlenip taýýarlanyldy. Şeýle-de Adalat ministrligi bilen “Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwini üýtgedip guramak hakynda” Kararyň taslamasy taýýarlanyldy.

29-njy aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisinde Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň habar berşi ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek, döwletimizde ileri tutulýan meseleler boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak maksady bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynda hukuk bilermenler topary döredildi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň hem-de Döwlet baýdagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň möhümdigini belläp, bu babatda Milli Geňeşiň ýolbaşçylarynyň ünsüni degişli meýilnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi boýunça zerur çäreleriň görülmelidigine çekdi.

Ýene degişli makalalar

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynda hukuk bilermenler topary döredildi.
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi
Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisini geçirdi
AHAL WELAÝATYNYŇ TÄZE, DÖWREBAP EDARA EDIŞ MERKEZINIŇ BIRINJI TAPGYRYNYŇ TAMAMLANMAGYNA DEGIŞLI WEZIPELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY