Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi

Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli käbir möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de pudaklary ösdürmek bilen bagly resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew täze taryhy eýýamyň özgertmeleriniň hukuk binýadyny berkitmek, milli kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdiler.

Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň ýigriminji maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylan we makullanylan kanunlaryň häzirki wagtda metbugatda çap edilýändigi, deputatlar tarapyndan olaryň many-mazmunyny ilata düşündirmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada aýdyldy. Şeýle-de 23-nji noýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemleri, onda Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna gaýtadan seretmek babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda degişli işleriň ýerine ýetirilýändigi, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýatlara amala aşyran saparlary, şol sanda Balkan welaýatyna bolan saparynyň çäklerinde, Awaza milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek, bu ýerde syýahatçylyk ulgamyny kämilleşdirmek bilen baglylykda geçiren iş maslahaty barada hem maglumat berildi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisde wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, şol sanda geçirilen çäreler, olaryň netijeleri, döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, öňde boljak halkara çärelere, baýramçylyklara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Degişli hasabatlarda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we beýleki döwlet kärhanalarynyň haryt alyş-çalyş geleşiklerini amala aşyrmagyň hukuk esaslaryny kesgitleýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, milli nebitgaz ulgamyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak babatda görülýän çäreler, möwsümleýin oba hojalyk işleri, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň şu ýylyň 28-nji noýabrynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçiriljek nobatdaky mejlisine gatnaşmaga görülýän taýýarlyk, ýerleri dolandyrmagyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, eksport ugurlaryny giňeltmek, ýurtda ýaşyl energetikany ösdürmek boýunça edilýän tagallalar, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi saparynyň netijeleri, ýurtda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, aragatnaşyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak ugrunda geçirilýän işler barada aýdyldy.

Mejlisde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna Balkan welaýatynyň Serdar etrabyndaky köpugurly elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň amala aşyrylmagyna gözegçilik etmek hyzmatyny ýerine ýetirmek boýunça şertnamany baglaşmak hakyndaky çözgüdiň taslamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutany bu çözgüdi makullap, degişli wise-premýere täze möhüm energetika desgasynyň gurluşygynyň barşyna berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisiň barşynda toplumlarda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary ösdürmek ugrundaky wezipeler, baýramçylyklara taýýarlyk görmek bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde pudaklary ösdürmek bilen bagly käbir resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna hem garaldy. Döwlet Baştutany olara gol çekip, sanly ulgam arkaly degişli ýolbaşçylara ugratdy hem-de olary ýerine ýetirmek bilen baglylykda anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi
Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisini geçirdi
AHAL WELAÝATYNYŇ TÄZE, DÖWREBAP EDARA EDIŞ MERKEZINIŇ BIRINJI TAPGYRYNYŇ TAMAMLANMAGYNA DEGIŞLI WEZIPELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Serdar Berdimuhamedow giňişleýin Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi