Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2023-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşi bir palataly ulgama öwürmek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky taryhy başlangyjy halkymyzyň arasynda uly goldawa eýe boldy. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanynda iş topary döredildi.

Raýatlardan gelip gowşan teklipler içgin öwrenilýär hem-de ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek bilelikdäki maslahatynyň gün tertibinde ara alnyp maslahatlaşyljak degişli kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar.

Konstitusion özgertmeleriň hem-de öňde boljak bilelikdäki maslahatyň taryhy ähmiýetini düşündirmek we wagyz etmek maksady bilen, ýerlerde Mejlisiň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem bu meseleler boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şol sanda teleradiogepleşiklerde çykyşlar guraldy, syýasy-jemgyýetçilik häsiýetli makalalar çap edildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda 21-nji ýanwarda geçiriljek bilelikdäki maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada maglumat berdi. Bilelikdäki maslahaty geçirmegiň meýilnamasy we onuň gün tertibi işlenip taýýarlanyldy. Guramaçylyk toparynyň mejlislerinde maslahatyň gün tertibi boýunça göz öňünde tutulýan meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşi, ýurdumyzyň Hökümeti, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş hem-de ýerli häkimiýet edaralary, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde degişli işler alnyp barylýar.

15-nji ýanwarda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depgini hem-de bu ýerde guruljak baş metjidiň taslamalary bilen tanyşdy we iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki wagtda 20-nji ýanwarda ýurdumyzyň ýaşuly wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüniň tutulyş dabarasy, şeýle hem onuň çäklerinde meýilleşdirilýän çäreler bilen bagly guramaçylyk-taýýarlyk işleri alnyp baryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow maliýe-ykdysadyýet toplumynyň düzümleri tarapyndan bu ulgamyň öňünde goýlan ileri tutulýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň işleriniň kadalaşdyrylmagyna gönükdirilen birnäçe hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça degişli düzümler tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler hasabatda beýan edilen aýratyn mesele boldy. Şunuň bilen baglylykda, işlenip taýýarlanylan, ugurdaş düzümler bilen bellenilen tertipde deslapky ylalaşylan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylýan degişli resminamalar barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň meýilnamalaýyn wezipeleri öz wagtynda, talabalaýyk ýerine ýetirmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumynda, hususan-da, "Türkmennebit" döwlet konserninde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda konsern tarapyndan Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek hem-de tehnologik taýdan çylşyrymly taslamalary amala aşyrmak boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň senagat we eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, täze tehnologiýalary we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ulanmak arkaly onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirmegiň, pudagy mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän nebit önümleriniň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini artdyrmagyň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, alnyp barlan ylmy-barlag işleriniň netijesinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän "Çagyl" ýatagynyň demir magdanlaryny baýlaşdyrmak arkaly zawodlaryň önümçiliginde çig mal hökmünde ulanylýan demir oksidini almak mümkinçiliginiň bardygy anyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ýatagyň demir magdanlarynyň bar bolan goruny tassyklamak, taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp düzmek üçin maslahat beriji kompaniýany saýlap almak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli meseleleri içgin öwrenmegiň we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiliginde ulanylýan ýerli çig mal serişdelerini mundan beýläk-de özleşdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew dokma senagaty pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, pudagyň kärhanalarynyň doly kuwwatynda bökdençsiz işini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalary önümçilik serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýokary tehnologiýalary we iň gowy dünýä tejribesini ulanmak esasynda ugurdaş senagatyň çalt depginler bilen ösdürilmegi netijesinde türkmen dokma önümleriniň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da bäsdeşlige ukyplylygynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi hem-de ýokary hilli çig mal bilen üpjün edilmeginiň hasabyna dokma kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem wise-premýer Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzyň önüm öndürijilerine halkara sergilere we işewürlik maslahatlaryna gatnaşmaklaryna goldaw bermekde döwrebap usullaryň hem-de oýlanyşykly strategiýanyň ulanylmagyna gönükdirilen işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady we eksport kuwwatyny pugtalandyrmak, daşary döwletler bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň işewürlik düzümleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini aýdyp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şu ýylyň 12 — 14-nji fewraly aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýän döredijilik çäresine gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň wekiliýeti Aşgabada geler. Medeniýet günleriniň çäklerinde konsert, doganlyk halkyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, iki ýurduň suratkeşleriniň ussatlyk sapaklary we duşuşyklary, eýran kinofilmleriniň görkezilişi bolar. Myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýlerine we gözel künjeklerine gezelençler guralar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek bilen bir hatarda, medeni gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.Döwlet Baştutanymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine laýyk gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirip, bu döredijilik çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Şu ýylyň "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly" diýlip atlandyrylmagy mynasybetli 15-16-njy fewralda ýurdumyzyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde maslahat, 24-nji fewralda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde, 26-njy aprelde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ylmy-amaly maslahatlary, 15-nji martda bolsa Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda halkara forumy geçirmek meýilleşdirildi.

Olara ýurdumyzyň ýaş alymlary, professor mugallymlary we talyplary bilen bir hatarda, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Germaniýanyň, Wýetnamyň, Singapuryň, Hytaýyň, Hindistanyň, Bolgariýanyň, Polşanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we başga-da birnäçe döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, ýaş alymlar gatnaşarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylym, bilim we täzeçil tehnologiýalar ulgamynda tejribe alyşmak, dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzda möhüm ugurlar boýunça alnyp barylýan ylmy işläp taýýarlamalar bilen tanyşdyrmak üçin, daşary ýurtlaryň iri ýokary okuw mekdepleri we ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklary ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän işleriň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle wekilçilikli halkara forumlaryň ýurdumyzyň ylmynyň ýeten derejesini dünýä ýaýmakda, Watanymyzyň abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda uly mümkinçilikleri açýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň 19-20-nji ýanwarda Türkmenistana meýilleşdirilen resmi saparyna görlen taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklar çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Häzirki wagta çenli dürli derejede gol çekilen 320 resminama türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny emele getirýär.

Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna geçen ýyl amala aşyran resmi saparynyň barşynda geçirilen gepleşikler netijeli döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berdi.Moskwada ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň ygtybarly binýadyny emele getirdi.

Ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem-de bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde hökümetara türkmen-rus toparyna aýratyn orun degişlidir.Geçen ýylyň dekabrynda Moskwada toparyň 12-nji mejlisi geçirildi, onuň jemleri boýunça 15 sany resminama gol çekildi.

Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugrudyr.Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebi we türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda gurlan Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdep bilim ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarydyr.

Häzirki wagtda Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň täze binasyny gurmak hem-de Türkmen-rus uniwersitetini döretmek boýunça işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, strategik hyzmatdaşlyk, däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini belledi.Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň bu ugurdaky gatnaşyklaryň köp ulgamlaryny öz içine alýandygyny hem-de oňyn ösüş meýillerine eýedigini nygtady.

Muňa özara haryt dolanyşygynyň okgunly ösüşi hem aýdyň şaýatlyk edýär.Russiýanyň iri sebitleri we subýektleri bilen hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýedir.Olar bilen göni işewürlik gatnaşyklary ýola goýuldy.

Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-rus gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup, bu ugurda bilelikdäki netijeli işiň baý tejribesi toplandy.

Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň saparynyň hem-de RF-niň wekiliýetiniň ýurdumyzda saparda bolmagynyň çäklerinde meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary taýýarlyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, meýilleşdirilen ähli duşuşyklar we gepleşikler, gol çekilmegi göz öňünde tutulýan resminamalar anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilmelidir hem-de hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçilikleriniň doly durmuşa geçirilmegine ýardam bermelidir.

Munuň özi umumy bähbitlere laýyk gelýär.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde milli ulag-kommunikasiýa toplumynyň işini düzgünleşdirýän hukuk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmekde awiasiýa pudagyna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly iberip, agentligiň ýolbaşçysyna resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hasabatyň dowamynda "Türkmenaragatnaşyk" agentligi tarapyndan ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti we innowasion tehnologiýalary mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda döwlet hyzmatlary elektron ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, milli portallaryň işe girizilmegi bilen, ornaşdyrylýan taslamalaryň netijeliligini üpjün etmekde, olary doly mümkinçiliginde ulanmakda tehniki we guramaçylyk taýdan birnäçe ugurdaş maksatnamalaýyn çäreleri kabul etmegiň zerurdygy öwrenildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, "Türkmenaragatnaşyk" agentligi tarapyndan internet hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek, elektron ulgamlaryň işini üpjün etmek we düzgünleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işleriň ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiz sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda ähli işleri hil taýdan täze derejede utgaşdyrmagyň, bar bolan kuwwaty doly derejede peýdalanmagyň möhümdigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, şu gün möhüm meselelere garalandygyny, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň kabul edilendigini belledi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ýene degişli makalalar

Hindistanda otly 70 kilometr ýoly sürüjisiz geçdi
Gyzylgaýa meýdançasyndaky demir-magdan käni ýurduň gurluşyk senagaty üçin täze mümkinçilikleri açýar
Uly Balkanyň özboluşly ösümlikler dünýäsi
Ýerli çig maldan portland sement öndürilip başlandy
Änewliler gyşyna läbik, tomsuna tozan bolup duran köçäniň ençeme ýyl bäri bejerilmeýändigini aýdýarlar