Milli Howpsuzlyk guramasynyň başlygy Kalyn Hamasly wekiliýet bilen duşuşdy

Milli Howpsuzlyk guramasynyň başlygy Kalyn Hamasly wekiliýet bilen duşuşdy

Türkiýe Respublikasynyň Milli Howpsuzlyk guramasynyň başlygy Ibrahim Kalyn Stambul şäherinde Hamasly wekiliýet bilen duşuşdy.

Kalyn şenbe güni Hamasyň syýasy işlerden jogapkär ýolbaşçysy we gepleşik toparynyň başlygy Halim al Haýýeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.

Duşuşykda Gaza ylalaşygynyň ikinji tapgyry ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ynsanperwer kömeginiň artdyrylmagy, Rafah gümrük geçelgesinin iki taraply ýagdaýda açylmagy, Gaza milli dolanşyk komitetiniň wezipesine başlamagy we beýleki ugurlar boýunça ýakyndan işleşmek barada ylalaşyk gazandy.

Hamasly wekiliýet duşuşykda Gazada parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin edýän tagallalary, Türkiýäniň töwellaçylygy we hemaýatkärlik roly bilen ylalaşygyň ikinji tapgyryna berýän goldawy sebäpli Prezident R. T. Erdogana sagbolsun aýtdy.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gaza guraýan hüjümlerinde esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 71 müňden gowrak adam ýogaldy, 171 müňden gowrak adam hem ýaralandy.

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginde görä, 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda gazanylan ylalaşyga garamazdan Ysraýyl 481 palestinlini öldürdi, 1 müň 313 adamy ýaralady.

Ýene degişli makalalar

Erdogan Makron bilen Eýrandaky ýaraşygy, Liwany we Gazany ara alyp maslahatlaşdy
Erdogan: “Ýewropanyň howpsuzlyk binagärçiligi Türkiye bolmazdan kämil däl" diýdi
Prezident Erdogan Gazanyň gaýtadan dikeldilmegi we howpsuzlygyň ýola goýulmagy meselesinde ygrarly
Prezident Erdogan prowokasiýalara garşy duýduryş berdi
Somaliniň Prezidenti Türkiýede saparda bolýar
Erdogan Türk F-16 uçarynyň heläkçiligi bilen baglanyşykly derňew işiniň başladylandygyny aýan etdi