Milli jebislik häzirki Eýranyň strategiki zerurlygy

Milli jebislik häzirki Eýranyň strategiki zerurlygy

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Räisi, jemgyýetde bize zerur zat milli jebislikdir, sebäbi duşmanlar milli jebisligimizi nyşana alýarlar diýdi.

Geçen Çarşenbe gije halk bilen göni ýaýlymda geçirilen söhbetdeşlikde Seýid Ebrahim Räisi duşmanyň hilesiniň halkyň arasynda düşünişmezlik döretmek we milli jebisligi bozmakdygyny belläp, Häzirki wagtda ähli eýran halky biziň iň möhüm strategiki meselämiziň milli agzybirligi we milli jebisligi gorap saklamakdygyna göz ýetrirýärler we Duşmana milli agzybirligimizi ýoýmaga ýol berilmeli däldir diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle hem Duşman tarapyndan amala aşyrylan käbir öldürmeler hakdaky ssenariýalar agzybirligi we milli jebisligi bozmaga gönükdirilendir, şonuň üçin häzirki wagtda milli jebislik iň möhüm we esasy meseleleriň biridir diýip nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň aýdanlary, soňky günlerde Eýranyň käbir sebitlerinde tolgunyşyklara şaýat bolan ýagdaýda bolandyr.Bu bidüzgünçilikler "Mehsa Amini" atly eýranly kürt gyzynyň ölümi bahanasy bilen başlandy, emma Yslam Eýranyň duşmanlary bu meseleden jemgyýetde boşluk döretmäge mümkinçilik tapdylar we dürli etnik toparlary we gatlaklary bölmäge synanyşdylar.Eýranyň duşmanlary hünärmenleri, türgenleri, mugallymlary we işçileri biri-biriniň öňünde, şeýle hem Yslam ulgamyň öňünde goýmaga synanyşdylar.

Howpsuzlyk güýçleriniň tagallalary we Eýran halkynyň hüşgärligi bilen, soňky günlerde duşmanlaryň ýurtdaky milli jebisligi bölmek we hüjüm etmek synanyşyklaryny öňkiler ýaly ýatyrdylar, ýöne bu wakalar ýurdy goramakda jemgyýetdäki agzybirligiň zerurdygyny ýene bir gezek görkezdi . Milli jebislik howpsuzlygy, syýasy durnuklylygy we jemgyýetleriň ösüşini saklamagyň esasydyr we haýsydyr bir bidüzgünçilik ýüze çyksa, jemgyýetdäki ösüşleriň öňüni alýar.

Şeýle hem, Eýranyň hökümeti we halky ABŞ-dan iň agyr syýasy basyşlaryň we ykdysady sanksiýalaryň nyşanyna öwrülen döwürde milli jebisligi saklamak iki esse möhüm bolýar, sebäbi diňe şu agzybirligi we jebisligi saklamak arkaly jemgyýetde ösüş ýoluny dowam etdirip bolar.

Ýene degişli makalalar

Häkimiýet baştutanlary: Duşmanlar bitewi Eýrany öz bähbitlerine howp hökmünde görýärler
Raisi: Eýranyň gepleşiklerde islegi ygtybarly kepillikdir
Daşary ýurt metbugatynyň öjükdirmegi we guramaçylykly elementleriň girmegi bilen käbir şäherlerde we uniwersitetlerde nägilelik ýörişleri geçirildi
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: bäşinji günüň netijeleri
Sedigi: Eziji dünýäsi, ulumsylyk dünýäsi, Amerika, Sionizm we Takfir fronty hakykat we adalat bilen çözüp bolmajak söweşi alyp barýar
Amir Abdollahian: Ýewropa Bileleşigi gyssagly syýasy çäre görse, oňa jogap bereris