Milli Liderimiziň Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýen kitaby arap dilinde neşir edildi

Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maslahatlar zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýen kitabynyň ikinji jildiniň arap dilinde çykan neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabara Saud Arabystanynyň Ylmy aragatnaşyk we gözlegler merkeziniň wekilleri, Türkmenistanyň Patyşalykdaky diplomatik ulgamynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň işgärleri, syýasatşynaslar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Milli Liderimiziň kitaby ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň okyjylarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy.Yklymyň iki bölegini birleşdiren, söwda ýoly hökmünde däl-de, eýsem, taryhy-medeni hakykat hökmünde hem Beýik Ýüpek ýolunyň täsinligini açyp görkezýän eserde türkmen halkynyň taryhy ýoluna hem-de dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni ösüşine goşan çäksiz goşandyna anyk baha berilýär.

Tanyşdyryş dabarasynda çykyş eden Saud Arabystanynyň Ylmy aragatnaşyk we gözlegler merkeziniň başlygy, professor Ýahýa bin Mahmud Jüneýd bu kitabyň ylmy toparlar üçin hem gyzyklanma döredýän ýöriteleşdirilen neşirdigini belledi.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işi, Beýik Ýüpek ýoly barada bolşy ýaly, Türkmenistanyň geostrategik ýagdaýy, sebitiň tutuş ösüşi, ynsanyň gurşap alan dünýä bilen özara gatnaşygy barada anyk maglumatlaryň egsilmez çeşmesi bolup durýar.

Türkmenistan häzir asyrlaryň örän baý gymmatlygyny aýawly saklaýar hem-de oňa sarpa goýýar.Kitabyň arap diline terjime edilmegi ony arap dünýäsiniň örän köp sanly okyjylary üçin hem açýar.

Olar üçin indi türkmen halkynyň baý taryhy we täsin medeniýeti hem-de ruhy gymmatlyklary barada bilimlerini artdyrmaga ajaýyp mümkinçilik döredilýär.Täze neşiriň çapdan çykmagy türkmen-arap gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm wakadyr.

Soňky ýyllarda iki halkyň dostlugynyň we özara düşünişmeginiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän ynsanperwer gatnaşyklar işjeň ösdürilýär, ylym hem-de bilim, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda biziň ýurtlarymyzyň aragatnaşygy giňelýär. Şu ýylyň noýabr aýynyň ortalarynda Aşgabatda hem-de Maryda guralan Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleri muňa şaýatlyk edýär.

Medeniýet günleri halkymyzy dostlukly ýurduň köptaraply medeniýeti, aýdym-saz däpleri we aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy. Ýurdumyzyň alymlary hem ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň esasynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekilleri maslahatlara gatnaşmak, tejribe alyşmak hem-de özara gatnaşyklary berkitmek üçin Saud Arabystanynda yzygiderli bolýarlar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň gündogar dilleri we edebiýaty bölüminde arap diliniň öwrenilmegi bilim ulgamynda üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasydyr.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýen kitabynyň ikinji jildiniň täze neşiriniň ylym we medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, taryhlary asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän iki dostlukly halkyň arasynda özara düşünişmäge we ynanyşmaga ýardam berjekdigi şübhesizdir.

Ýene degişli makalalar

Milli Liderimiziň kitaby arap dilinde neşir edildi
Täze filmiň artistleri belli boldy
Bagdatda guralan hüjüm bilen bagly derňew işi dowam edýär
Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi
SOLTAN SANJARYŇ TARYHY KEŞBI WE TÜRKMEN HALKYNYŇ PARAHATÇYLYK, HOŞNIÝETLI DOSTLUK TAGLYMATY ATLY HALKARA DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY
Husileriň 2 Uçarmansyz Howa Ulagy Hatardan Çykaryldy