Milli medeniýet öçmejek sungat

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Milli medeniýet öçmejek sungat ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ildeşlerimizi täze ýeňişleriň ruhy joşgunyna besläp, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda medeniýetiň we sungatyň bu baýramynyň Balkan welaýatynda ýaýbaňlandyrylandygyny barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Medeniýeti baý bolan halk, öz sungatynyň gözelliklerini, aýratynlygyny dünýä ýaýmak üçin milli döredijilikli däplerini, gymmatlyklaryny, mirasyny çuňňur özleşdirýändigi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda eziz diýarymyzy toý-baýramlaryň mekanyna öwüren, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Medeniýet sözünden döwür gülleýär
Medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň rowaç menzilleri
Kitaphana ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek we kitaphanalarda elektron neşirleriň goruny döretmek işiniň esasy ugurlary
Medeniýet günleri birleşdirýär illeri
Medeniýet kalplary ýakynlaşdyrýan gymmatlyk
Medeniýet halklary dostlaşdyrýar, sungat halklary baýlaşdyrýar