Milli miras - bedew batly ösüşleriň binýady

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany ýyly mynasybetli Milli miras - bedew batly ösüşleriň binýady ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany ýyly çuňňur many-mazmuna eýedigi, çünki bu ýyl şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanýandygy, şeýle-de ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlarynyň, halkymyzyň tutanýerli zähmetiniň nyşanyna öwrülendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmen halkynyň milli buýsanjyny, gadymy gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmekde we ösdürmekde, medeni mirasymyzy gorap saklamak ýaşlaryň arasynda ýaýbaňlandyrylýandygy barada giňişleýin beýan etdiler.

Gurnalan göçme kitap sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri, şeýle hem many-mazmuna ýugrulan birnäçe kitaplar ýerleşdirildi bu bolsa, çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda Watanymyzy bedew bady bilen beýik ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Bagtyýar çagalar geljegiň nury
Bagtyýar çagalar röwşen geljegimizdir
Bagtyýar çagalar köňülleriň buýsanjy
Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany
Dünýäniň dokma senagatynyň öňdebaryjylary Aşgabatdaky halkara sergi-ýarmarkada
Daşky gurşawyň gözelligi bagtyýar ýaşaýyş