Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 2026-njy ýylyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany diýen dabaraly şygarynyň many-mazmunyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň taryhy ähmiýetini düşündirmek maksady bilen, Milli miras terbiýäniň özeni atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Ýaşlaryň milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza bolan sarpasyny has-da artdyrmakda muzeýleriň we Ýaşlar guramalarynyň bilelikde maslahatlary geçirmegi örän netijelidir.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan—bedew batly at-myradyň mekany ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda Diýarymyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlisiň özlerinde uly täsirleri galdyrandygy hem-de ýurdumyzda geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylykly geçiriljekdigine mejlisde edilen çykyşlaryň aýdyň şaýatlyk edýändigini bellediler.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna halkymyz mynasyp zähmet üstünlikleri bilen barýar. Şu ýylyň sentýabrynda halkymyz agzybirlikde mukaddes Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyny giňden belläp geçer.Bagtyýar halkymyz her ýyl Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň baş baýramyny aýratyn buýsanç bilen garşylaýar.
Garaşsyzlyk baýramy ýurdumyz hem-de halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli hem-de buýsançlydyr-diýip nygtadylar. Şeýle hem çykyş edenler, Watana bolan söýgüleriniň belentdigini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bedew batly ösüşlerine ýaşlarymyzyň guwançlarynyň çäksizdigini, milli mirasymyzy sarpalaýan, eziz Watanymyzyň daýanjy hem geljegi bolan ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagy we döredijilik ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin, ýurdumyzda ähli şertleriň döredilýändigi barada uly buýsanç bilen durup geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan, ýurdumyzy gülledip ösdürýän, ýaşlarymyza okamaga, işlemäge hem-de döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
