Mingazow milli ýygyndynyň martda geçirjek DÇ-2026 saýlama duşuşyklaryna gatnaşyp bilmez

Mingazow milli ýygyndynyň martda geçirjek DÇ-2026 saýlama duşuşyklaryna gatnaşyp bilmez

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow Dünýä çempionaty-2026 ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň mart aýynda geçiriljek duşuşyklarynda çykyş edip bilmez. Bu barada ýurduň milli ýygyndysynyň metbugat gullugy habar berdi.

Habarda futbolçynyň türgenleşik wagtynda şikes alandygy barada aýdylýar. Mingazow giňişleýin barlagdan geçmek we tiz sagalmak üçin çykyş edýän klubunyň düzümine dolanyp barar.

DÇ-2026-nyň martda boljak saýlama oýunlarynyň çäginde Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Eýranyň ýygyndysyna garşy iki duşuşyk geçirer. Toparlaryň arasyndaky birinji oýun 21-nji martda Tähran şäherinde, ikinji oýun bolsa 26-njy martda Aşgabatda bolar.

Ýene degişli makalalar

Kitçiniň Atletiko Madrid bilen geçiren duşuşygynda Ruslan Mingazow 100 göterimlik netije görkezdi
Transfermarkt türkmen futbolçylarynyň bahasyny täzeledi
Şu minuda çenli Turkmenportal-yň esasy habarlary
Mingazow Gonkongyň ýyldyzlarynyň düzüminde Messä garşy ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşar
6-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
8-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti