#### *Daşoguz welaýatyna ylmy-etnografik ekspedisiýa guraldy* Türkmen halky dünýä medeniýetiniň baýlaşmagynda, kämilleşmeginde uly orun eýelän maddy we ruhy gymmatlyklary bilen giňden meşhurdyr.Häzirki döwürde şol gymmatlyklar baradaky maglumatlary halk arasyndan toplamak hem-de geljekki nesillere geçirmek möhüm meseleleriň biri bolup durýar.
Ine, şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan alymlardan, etnograflardan, žurnalistlerden hem-de medeniýet-sungat işgärlerinden döredilen ylmy-döredijilik topar Daşoguz welaýatynda iş saparynda boldy.Topar bu ýerde halkymyzyň milli senetçiligi, däp-dessury, halk döredijiligi, milli tagamlary, ussaçylygy, milli lybaslary, dokmaçylygy boýunça we olaryň welaýat aýratynlygy barada täsirli we gyzykly maglumatlary topladylar.
Bu asylly işde welaýatyň medeniýet, sungat işgärleri, ýerli ýaşaýjylar ýakyndan ýardam berdiler.Halk mirasy halkyň gymmaty egsilmejek hazynasy. Şol hazynany aýawly saklap, nesillere geçirmek mukaddes borjumyzdyr.OGULTÄÇ HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary
