MIRASYMYZ MILLI BUÝSANJYMYZ

Türkmeniň baý mirasy baradaky maglumatlary ýerlerden toplamak maksady bilen döredilen ylmy-döredijilik topar, Ahal welaýatynda iş saparynda boldy.Biz toparymyz bilen welaýatyň etraplaryna we obalaryna aýlandyk.Mirasgärler, senetkärler, ussalar bilen duşuşdyk, söhbetdeş bolduk.

Ahal welaýaty senetçiligiň, ussaçylygyň, sungatyň ösen merkezleriniň biri.Biz bu ýerde halyçylyk sungaty, keçe basmak senedi, keşdeçilik, milli lybaslary, ýorgan-düşekleri taýýarlamak, jorap örmek, milli tagamlary taýýarlamak, halk döredijilik görnüşleri, toý däp-dessurlary, maldarçylyk tejribesi barada giňişleýin maglumatlary topladyk.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan döredilen ylmy-döredijilik toparynyň ylmy-etnografik ekspedisiýasy ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolup, gymmatly maglumatlary toplamak bilen öz işini Ahal welaýatynda tamamlady.OGULTÄÇ HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ylmy-döredijilik toparynyň ýolbaşçysy

Ýene degişli makalalar

“Berk üçek” kompaniýasy polimer kompozitden reňkleýjileriň önümçiligini ýola goýdy
Türkmen talyplary halkara internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
Türkmen talyplary halkara internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
Zelenskiý: "4 müň 500 rus esger öldürildi" diýdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawynyň netijesi 14-nji martda yglan ediler
Altyn asyr Nebitçiniň we milli ýygyndymyzyň derwezeçisini düzümine goşdy